Habarlar

Halkara senäniň şanyna

08.04.2024

Welaýat merkezinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli  guralan dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, iri edara-kärhanalarda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryna, bedenterbiýe maşklaryna giň orun berildi. Bahar paslynyň ir säherinde edara-kärhanalarda sport maşklarynyň ýerine ýetirilmegi köpçülikleýin häsiýete eýe boldy

         Balkanabat şäherindäki  «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişe  welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri we  talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýörişiň geçýän ugrunda  medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlanyp, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly çykyşlar  ýörişe gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da belende göterdi. Ýolugra ýaş türgenleriň görkezme çykyşlaryna hem tomaşa eden ýörişe gatnaşyjylar halkymyzyň  saglygyny goramakda we berkitmekde edýän taýsyz tagallalary üçin  Gahryman Arkadagymyza hem-de  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.    

         Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň öňünde  «Arkadagly Gahryman Serdarymyz  bilen öňe barýar sagdyn nesil» diýen at bilen geçirilen çäreler hem juda täsirliligi bilen tapawutlandy. Ol ýerde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen joşgunly tanslarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň waspy belentden ýetirildi. Bu ýerde türgenleriň sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary baýramçylyk çäresiniň täsirliligini artdyrdy.  

           Şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde giň gerimde ýaýbaňlandy.