Habarlar

Täze metjit açyldy

08.04.2024

Mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesinde täze metjit açylyp ulanmaga berildi.

         Welaýatymyzyň dürli künjeklerinden gelen il sylagly ýaşulular täze metjidiň açylyş çäresiniň dowamynda bu ajaýyp ymaratyň içine aýlanyp, onda däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin döredilen ähli amatlyklar bilen içgin tanyşdylar. Olar metjidiň döwrebap mümkinçiliklerine göz ýetirip, halkymyzyň dini ynançlaryny we garaýyşlaryny erkin berjaý etmegi üçin ähli şertleri döredýän, milli medeniýetimizi we mirasymyzy täze belentliklere göterýän  Gahryman  Arkadagymyza hem-de  Arkadagly Gahryman  Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

          Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň buýurmasy esasynda gurlan Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesindäki täze metjidi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aga gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen bina etdiler. Metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde Aýyň altyn çaýylan şekili goýlupdyr. Täze metjidiň haşamlanyp timarlanan minaralarynyň dördüsi ymarata aýratyn görk berýär.

          Bir wagtda 500 adamyň namaz okamagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilen binanyň içki bezeglerinde deňiz tolkunlarynyň, balyk teňňeleriniň şekilleri juda ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Şeýle hem bu ýerde 500 orunlyk sadaka jaýy gurlup, metjitdäki we sadaka jaýyndaky çyralaryň şekilleriniň gämi we ýelken  görnüşlerinde bolmagy Hazar şäherçesiniň balykçylaryň gadymy we şöhratly mekanydygyny  aňladýar. Täze metjidiň çäginde  awtoulaglar üçin ýörite duralga hem bar. Deňiz ýakasynda bina edilen  metjit özüniň diňe bir binagärlik keşbi, içerki we daşarky bezegleri bilen däl-de, eýsem, ýanaşyk ýerleriniň bagy-bossanlyga bürelendigi bilen hem tapawutlanýar. Metjit agşamlaryna özüniň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen daş-töwerege nur çaýyp, şäherçäniň görküne özboluşly nuranalyk keşbini eçilýär.

          Hazar şäherçesine özboluşly bezeg berýän täze metjitde agzaçar sadakasy berildi. Onda edilen aýat-töwirlerde Gahryman hajy Arkadagymyza  hem-de  Arkadagly Gahryman hajy Serdarymyza bark jan saglyk,  uzak ömür, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan beýik işlerinde ebedi rowaçlyk, berkarar döwletimize gülläp ösüş, halkymyza baky bagtyýarlyk dileg edildi.