Täze spektakl tomaşaçylara hödürlendi

Welaýat döwlet drama teatrynda «Gilgameş» atly sahna eseriniň ilkinji
görkezilişi boldy. Ony dramaturg Oguljennet Bäşimowanyň pýesasy esasynda teatryň
baş režissýory Öwezmämmet Galandarow sahnalaşdyrdy.
Änew
şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan
edilmegi mynasybetli «Gilgameş» dessany esasynda sahnalaşdyrylan bu sahna oýny
turuwbaşdan dartgynly wakalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň
«Türkmenistan — Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda ýurdumyzyň
günortasynda dörän irki şäherler bilen Mesopotamiýadaky şumerleriň arasynda
söwda we medeni gatnaşyklaryň bolandygy barada getirilýän maglumatlara
esaslanyp sahnalaşdyrylan spektakl halkymyzyň medeni mirasyny, müňýyllyklara
uzaýan geçmiş taryhyny şu günki günüň
tomaşaçylaryna ýetirmegi maksat edinýär.
Taryhy
wakalar içinden eriş-argaç bolup geçýän taryhy spektaklda Rejep Nazgurbanow,
Myratberdi Sätiýew, Annasoltan Berdiýewa, Laçyn Nuryýewa, Gülnur Hajymämmedowa,
Amansoltan Nepesowa, Hydyrberdi Hydyrow, Gurban Anjykow, Ýakup Öwezow, Arslan
Mämmetgulyýew, Parahat Elýasow dagy özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen
ýerine ýetirmegi başardylar. Spektaklyň sahna bezegini Kuwwat Mämmetnepesow
ýerine ýetirdi.