Ýokary ruhubelentlige beslenen baýram
Welaýatymyzda Türkmen bedewiniň milli
baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi. Welaýat merkezinde guralan
baýramçylyk çäreleri dabaraly ýöriş bilen başlandy. Toý ýörişine il sylagly
ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki
ulgamlaryň wekilleri, talyp ýaşlardyr ruhubelent körpeler, ýerli ýaşaýjylar
gatnaşdylar.
Balkan atçylyk sport toplumynda guralan
dabaralar türkmen toýlaryna mahsus häsiýete eýe boldy. Bu ýere gelen köp sanly
myhmanlar welaýat medeniýet müdirliginiň sungat ussatlarynyň, teatr
artistleriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň baýramçylyk
mynasybetli taýýarlan edebi-sazly
çykyşlary bilen garşylandy. Zehinli aýdymçylaryň joşgunly çykyşlary buýsançly
göwünleri joşdurdy. Olaryň çykyşlarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaç ösüşleri, Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işleri wasp edildi.
Dabaraly çäreleriň dowamynda ýokary
derejede ýaýbaňlandyrylan medeni-sport çäreleri biri-birinden üýtgeşik, gyzykly
hem şowhunly pursatlara ulaşdy. Altyganat ak öýleriň daş-töwereginde
ýaýbaňlandyrylan göwün göteriji çäreler adamlarda ýatdan çykmajak täsirleri
döretdi. Milli däp-dessurlarymyza eýerilip tutulan ak öýlerde myhmanlara ene topragymyzdan önýän naz-nygmatlardan
hödür-kerem edildi. Bu ýerde amaly-haşam
sungatynyň, nusgalyk el işleriniň we ýaş suratkeşleriň taryhy ösüşlerimizi
wasp edýän suratlarynyň sergilerine uly orun berildi. Baý many-mazmuna beslenen
dabaranyň dowamynda guralan çekeleşikli sport ýaryşlary, görkezme çykyşlarydyr
milli oýunlar täsirliligi bilen tapawutlandy.
Toplumyň aýdym-saz meýdançasynda guralan dabara «Şöhrat berip bagtyýarlyk
döwrüne, nurana ýollara ýalkym bedewim!» diýlip atlandyryldy. Sungat
ussatlarynyň, dessançy bagşylaryň joşgunly çykyşlarynda, welaýat Taryhy we
ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklarynyň hem-de welaýat kitaphanasynyň kitap
sergilerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa
geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň, gamyşgulak
bedewlerimiziň, eşretli durmuşymyzyň waspy mynasyp beýanyny tapdy.
Soňra
baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Gyzykly we täsirli geçen ilkinji
çapyşykda üçýaşar bedewler 1200 metr aralykda güýç synanyşdylar. Çapyşykda A.Mämmetnurowyň hojalygyna degişli Dorhan
diýen dor ata taý tapylmady. Üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ikinji
çapyşyk hem 1200 metr aralygy öz içine aldy. Janköýerleriň şowhuny astynda
geçen bu çapyşykda Melike diýen dor at birinji bolup pellehana gelmegi başardy.
Ol «Şadyýan ýollar» hususy kärhanasynyň atydyr. Üçünji çapyşyk dört we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilip, ol 1800 metr
aralygy öz içine aldy. Çekeleşikli geçen çapyşykda Ç.Myratberdiýewiň Gupbaly atly
gara aty öňdeligi eýeledi. Dördünji çapyşyk hem 1800 metr aralykda bolup, ol dört
we ulyýaşar bedewleriň arasynda geçirildi. Onda Balkan atçylyk sport toplumynyň
Garabezirgen diýen gara aty pellehana birinji bolup geldi. A.Mämmetnurowyň
Gözguwanjym diýen al aty 1800 metr aralykda geçirilen bäşinji çapyşykda
öňdeligi eýelemegi başardy.
Täsirli geçen çapyşyklarda öňdeligi eýelän bedewleriň çapyksuwarlaryna gymmatbahaly sowgatlar
dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.