Habarlar
05.06.2024

Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň beýik şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýakynda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen «Magtymguly» atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.

Onda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly,  täze kitabyň akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýokary ruhubelentlikde dabaraly bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  çapdan çykmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen söze sarpa goýýan halkymyz beýik akyldaryň mertebesini belende göterýär, sarpalaýar. Dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan şahyryň gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde belent heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy, beýik akyldaryň ýubileý toýy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejede dabaraly çäreleriň geçirilmegi, «Magtymguly» atly ýygyndynyň çap edilmegi muny subut edýär.

Şeýle-de dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Magtymguly Pyragynyň ömrüni, döredijiligini, baý we köptaraply edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak babatda tutumly işleriň durmuşa geçirilýändigi aýratyn buýsanç bilen nygtalyp geçildi. Beýik söz ussadyna belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, merdana halkymyzyň eşretli hem bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagy baradaky alkyşly sözler tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň dilleriniň senasyna öwrüldi.

Ýokary ruhubelentlikde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Olarda täze taryhy döwrüň beýik ösüşlerini, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdymlar, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar belentden ýaňlandy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

05.06.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji iýunynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýä döwletleriniň senenamasynda hemişelik orun alan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi.

Ýer ýüzünde sporta, sagdynlyga sarpa goýýan her bir adamyň söýgüli senesine öwrülen Bütindünýä welosiped gününiň çäreleri welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlanan aýdym-sazly medeni-sport çäresi halkara senäniň özboluşly badalgasyna öwrülip, oňa şaýat bolanlaryň kalplarynda ýurdumyza, döwrümize, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanç duýgularynyň has-da artandygyny ikirjiňlenmän aýtsa bolar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlarda hem hut şol ajaýyplyklaryň waspy belentden ýetirildi. Ýaşajyk türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, joşgun bilen ýerine ýetirilen döwrebap tanslar, sport maşklary baýramçylygyň many-mazmunyny has-da artdyrdy.

Aýdym-sazyň belent owazynyň astynda dürli reňkdäki şarlaryň al-asmana uçurylmagy bilen badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýöriş Bütindünýä welosiped gününiň esasy çäresi boldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan «Ilkinjiler» ýadygärligine çenli birnäçe kilometre uzan ýörişi edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, talyp ýaşlar ýokary ruhubelentlikde geçdiler.

         Halkara senä bagyşlanan dürli çäreler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem giň gerime eýe boldy.

03.06.2024

Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň açylmagy Çagalary goramagyň halkara gününiň hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna mahsus ýokary guramaçylyga hem-de ruhubelentlige beslenen dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar  hem-de etrabyň köp sanly ýaşaýjylary agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çägi şatlyk-şowhuna beslenip, joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Çagalar döredijilik toparlarynyň taýýarlan çykyşlary açylyş dabarasynyň möhüm bölegine öwrülip, olaryň çuňňur many-mazmunynda ýurdumyzyň nurana geljeginiň eýeleri hem-de egsilmez kuwwaty bolan ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin hemmetaraplaýyn aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlar beýan edildi.

Açylyş dabarasynda döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerini ýerine ýetiren Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Sanjar gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň öňdebaryjy gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar şowhunly el çarpyşmalar astynda gowşuryldy.

 Şunuň ýaly täsirli pursatlardan soňra ýaşulularyň ak patasy bilen toý bagy kesilip, toplumyň işine badalga berildi. Şol pursatda bagtyýar çagalaryň şatlykly sesleri belentden ýaňlanyp, dürli reňkli howa şarlary asuda asmana bezeg berdi. Umumy tutýan meýdany 1,5 gektardan gowrak bolan bu merkezde çagalaryň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilipdir. Şonuň üçin bu ýerde dürli ýaşdaky adamlar hem, ýaşlykdan işjeň dynç almak hem-de sport bilen meşgullanmak ýaly endikler öwredilýän çagalar hem boş wagtlaryny gyzykly, işjeň, göwnejaý geçirip bilerler. Munuň özi dynç alyş toplumynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. 

Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, şol sanda dürli şekildäki aýlanýan hiňňildikler, çagalar üçin awtodrom, çagalar meýdançasy, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň hem-de azyk harytlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär. Hemişe gök öwsüp oturan baglaryň hem-de owadan gülleriň arasynda  oturgyçlar goýlupdyr. Bulardan başga-da, döwrebap merkezde edara binasy ýerleşip, onda işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Agşam çagynda onuň çägindäki täsin, owadan çyralar dynç alyş merkeziniň gözelligine gözellik goşup, nurana şöhle saçýar. Şeýle-de merkezde awtoduralga, dürli tehniki otaglar, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutulypdyr.

«Arkadagly nesiller» çagalar medeni dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dürli medeni çärelere besleýän Magtymguly etrabynyň ähli ýaşaýjylary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bagtyýar çagalar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle ajaýyp serpaýy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olaryň päk ýürekden çykýan alkyşlary we hoşallyklary dabaranyň tutuş dowamynda ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, aýdyp beren goşgularynda mynasyp beýanyny tapdy. 

03.06.2024

Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi mynasybetli geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi.

         Haýyr-sahawat gaznasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, sebitiň saglygy goraýyş işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary oňa aýratyn bezeg berdi. Döwrebap aýdym-sazlarda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwrüniň, Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  amala aşyrýan il-ýurt bähbitli  beýik işleriniň waspy beýan edildi. Çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

         Mälim bolşy ýaly, adamlaryň saglygyny goramak türkmen halkynyň Milli Lideri Lukman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Köp sanly milli maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. 

         Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralary kämil enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Iki sany «Dialog+» kysymly enjamyň Magtymguly etrap hassahanasyna sowgat berilmegi hem döwletimiziň raýatlaryň saglygy, şeýle-de ýaş nesliň abadançylygy baradaky tagallalarynyň nobatdaky güwäsi boldy.

         «B.Braun» kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamy dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.

         Etrap hassahanasyna täze enjamlaryň sowgat berilmegi mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyjylar — Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kömegi esasynda operasiýa edilen we saglygyny dikelden çagalar, olaryň kalby hoşallykdan doly ene-atalary, köp sanly saglygy goraýyş işgärleri Lukman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize öz geljegine ynamly garaýan türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy ugrundaky yzygiderli aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

         Soňra dabara  gatnaşyjylar  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň  «Dialog+» kysymly enjamlarynyň mümkinçilikleri  bilen tanyşdylar.

         Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy, asuda we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de  Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

25.05.2024

Welaýatymyzda 2023 2024-nji okuw  ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilen «Soňky jaň» dabaralary giň gerime eýe boldy. Baýramçylyk çäreleri welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasyndan badalga aldy. Bu ýerde uçurymlar Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, Döwlet baýdagymyza ter gül çemenlerini goýup, mukaddes ýaşyl Tugumyza tagzym etdiler. Gül goýmak dabarasy baýramçylyk ýörişine utgaşdy. Oňa uçurymlar bilen birlikde, ýaşuly  nesliň wekilleri, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar.

Soňra «Soňky jaň» dabaralary orta mekdepleriň öňündäki baýramçylyk keşbine beslenen meýdançalarda dowam etdi. Welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim, medeniýet müdirlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen çäreler tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Orta mekdeplerde ir säher bilen Döwlet senamyz belentden  ýaňlandy. Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Çykyş edenler uçurymlara ak ýol arzuw etdiler,  ýygnananlary paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bilim  ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.

Göreldeli uçurymlaryň bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek  körpelere bilimler dünýäsiniň  «altyn açaryny» gowşurmagy tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Ýürekleri buýsançdan, kalplary şatlykdan doly bagtyýar uçurymlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursady — 2023 2024-nji okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» sesiniň ýaňlanmagy bilen, kepderileriň, dürli reňkli şarlaryň al-asmana uçurylmagy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ak mekdebiň depesinde erkana ganat kakyp ýören kepderiler uçurym ýaşlaryň buýsançly göwünlerini alamatlandyryp, asuda asmanymyza bezeg berdi. Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda ajaýyp döwrümiz, bagtly çagalyk, paýtagtymyz Aşgabadyň gözellikleri wasp edildi.

Welaýat kitaphanasyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýine guralan gezelençler bagtyýar uçurymlaryň şatlygyny has-da  artdyrdy. Kitaphananyň bölümindäki dürli ugurlara niýetlenilen kitaplar, muzeý işgärleriniň bölümlerde ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklar baradaky täsirli söhbetleri uçurymlarda uly gyzyklanma döretdi. 

«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli welaýat kitaphanasynyň öňünde geçirilen baýramçylyk çäresi hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary gyzgyn garşylandy. Bu ýerde zehinli uçurymlara ýadygärlik sowgatlar, welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Soňky jaň» dabarasynyň çäreleri welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary guramaçylyga eýe bolup, egsilmejek şatlyk-şowhuna  beslendi.