Bitarap Watanyň waspy
![](/static/uploaded_images/0aaf4d3c-b156-11ef-9630-e5fb7487725e_IMG_0778.jpg)
Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň welaýat geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat
komitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Balkanabat bölüminiň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik
orta hünär okuw mekdebiniň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda
«At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Uly ruhubelentlige beslenen çärede çykyş edenler hemişelik
Bitaraplygymyzyň bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes
Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açandygy, ata-babalarymyzdan
dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we
hormat goýmak ýaly ýörelgeleriň döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özenini
düzýändigi we ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleriniň dünýä
jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki
ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda uly tagallalary edýän Arkadagly
Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini
aýtdylar.
Dabaraly maslahatyň dowamynda aýdym-sazlar belentden
ýaňlanyp, olarda baky Bitaraplygymyzyň, eziz Watanymyzyň, Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işleriň waspy
mynasyp beýanyny tapdy.