Habarlar

Ählihalk bag ekmek dabarasy

11.11.2024

Geçen şenbe güni hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjyna eýerip, ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýatymyzyň ilaty hem ýokary watançylyk hyjuwy bilen gatnaşdylar. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak üçin saýlanyp alnan ýerler, sözüň doly manysynda, baýramçylyk keşbine beslendi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel  tebigatyny has-da baýlaşdyrmak we bu il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işi yzygiderli dowam etdirmek boýunça beren anyk tabşyryklaryndan göwünleri galkynan welaýat merkeziniň ýaşaýjylary «Türkmeniň ak öýi» binasynyň golaýyndaky ýere bag ekmek dabarasyna ýygnandylar. Bu işe bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň zähmet toparlary, talyp ýaşlar hem-de welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Watançylyk şygarlary, türkmeniň ak öýleri bilen bezelen meýdançada guralan dabarada welaýatymyzyň tanymal bagşy-sazandalarynyň, adygan tans, halk döredijilik toparlarynyň milli öwüşginli, şirin owazly, belent mukamly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Olarda ösüşdir özgertmelere beslenen bagtyýar durmuşymyzyň, päk zähmetiň waspy beýanyny tapdy.

Muzeý gymmatlyklaryndan, senetçilige, amal-haşam sungatyna degişli gurallardyr taýýar önümlerden, ýaşajyk bag nahallarynyň we gülleriň dürli görnüşlerinden guralan sergiler hem aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine hem-de  şol gün durmuş toýuny toýlaýan ýaş çatynjalara ynanylmagy dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da  belende göterdi.

        Zähmet baýramçylygynyň dowamynda bu ýerde 4 müň düýp pürli bag nahallary oturdyldy we göwnejaý ideg edildi. Şol gün gözel künjekde oturdylan bag nahallary täze ýaşyl zolagy emele getirdi hem-de «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gözelligine gözellik goşdy. Köpçülikleýin çäre welaýat merkezindäki seýilgählerde, köçeleriň ugurlarynda, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň daş-töwereklerinde geçirilip, hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi.

Welaýatymyzda ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşanlar dürli bag nahallarynyň jemi 15 müň 320 düýbüni oturtdylar, ozal ekilen baglaryň 60 müňe golaýyna ideg etdiler. Olar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde amala aşyrýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.