Habarlar

Kalplary buýsanja beslän baýramçylyk

12.12.2024

          Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesiniň dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk gününiň dabarasy Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň ýerine ýetirilmegi we ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada bu ýere ýygnananlary parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi, asudalygy dabaralandyrýan ajaýyp baýram bilen gutlaýan buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bitaraplyk ýörelgesine berk eýermek bilen, parahatçylygy, durnukly ösüşi, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmakda uly tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda durnukly energetika we ulag ulgamy, ekologiýa, azyk howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem-de beýleki halkara ähmiýetli meseleler boýunça durmuşa geçirilýän işler rowaçlyga beslenýär.

Dabarada welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, sahna ussatlarynyň çykyşlary alkyşly sözleriň dowamy bolup, oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi.  Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň, halklaryň dostlukly gatnaşyklarynyň mizemez binýady bolup durýan hemişelik Bitaraplygymyzyň, ösüşiň, beýik özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyzyň waspy ýetirildi.

Dabara gatnaşanlar berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralar welaýatymyzyň ähli etraplardyr şäherlerinde hem giň gerime eýe boldy.