Watan goragçylarynyň güni mynasybetli welaýat Polisiýa
müdirliginiň Gyzylarbat hem-de Bereket etraplarynyň polisiýa bölümleriniň
polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny
anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga berildi.
Baýramçylyk ruhuna beslenen açylyş dabaralarynda çykyş
edenler bu ýere ýygnananlary binalaryň ulanylmaga berilmegi, şeýle-de
baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar. Ýurdumyzyň raýatlarynyň abadan,
bagtyýar durmuşyny has-da pugtalandyrmakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün
etmekde, ulaglaryň sazlaşykly hereketini gazanmakda taryhy tutumlary üstünlikli
amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini
aýtdylar.
Açylyş
dabaralarynda joşgunly ýaňlanyp, milli tanslar bilen sazlaşykly ýerine
ýetirilen şirin aýdym-sazlarda, küştdepdilerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
bezegine öwrülýän beýik işler, bagtyýar durmuşymyz, «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýyly wasp edildi. Şeýle-de dabaralaryň dowamynda binalaryň
gurluşyklaryny alyp baran Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gurluşyk birleşiginiň
göreldeli zähmeti bilen tapawutlanan gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň
adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Soňra
ýaşulular toý baglaryny kesip, binalaryň işine ak pata berdiler. Awtoulaglaryň
tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň
döwrebap mümkinçilikleri dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Binalaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň täze
gazananlaryna daýanýan kämil enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde
awtoulaglara edilýän tehniki gözegçilik işleriniň ýokary hil derejesini
gazanmaga mümkinçilik berýär. Ilkinji nobatda, bu enjamlaryň kömegi arkaly
awtoulaglaryň ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklygy gözden geçirilýär.
Ulaglaryň dolandyryş ulgamynyň tehniki ýagdaýy, hereketlendirijisiniň bölüp
çykarýan gazynyň mukdary, tizlik ölçeýjisiniň işleýşi anyklanýar. Kompýuterler
arkaly dolandyrylýan enjamlar ýeňil we ýük awtoulaglarynyň duruzyş hem-de
yşyklandyryş ulgamlarynyň bildirilýän talaplara doly laýyk gelýändigini ýokary hilli
barlamaga şert döredýär.
Mahlasy, bu döwrebap binalaryň ulanyşa tabşyrylmagy
sebitiň ýaşaýjylarynyň dolandyrýan awtoulaglarynyň guratlygyna tehniki taýdan
gözden geçiriş hyzmatlaryny talaba laýyk guramaga mümkinçilik berer.
Balkanabat
şäherindäki köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň guramagynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça
ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.
Paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan zehinli türgenleriň gatnaşan
birinjiliginde 17 ýaşdan uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda gylyçlaşmagyň şpaga
görnüşi boýunça guralan ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabatdan Arslan Agaýew,
gyzlaryň arasynda welaýatymyzdan Ýelizaweta Prytkowa ýurdumyzyň çempiony diýen
ada eýe boldular. Bu ýaşdakylaryň arasynda rapira boýunça geçirilen ýaryşda
welaýatymyzyň türgenlerine taý tapylman, oglanlaryň arasynda Şatlyk Orazow,
gyzlaryň arasynda Çynar Goşungeldiýewa ähli garşydaşlaryndan üstün çykdylar.
Gylyç görnüşinde bolsa Mary welaýatyndan Guwanç Gurdow hem-de Ýelizaweta
Wodopýanowa hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdylar.
Dört günläp dowam eden birinjilikde 20
ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçen ýaryşam gyzykly häsiýete eýe
bolup, oňa ýaşy 17-den uly bolmadyk türgenleriň gatnaşmaklaryna hem rugsat
edildi. Şpaga boýunça geçen ýaryşda oglanlaryň arasynda Aşgabat şäherinden
Şageldi Haýydow, gyzlaryň arasynda welaýatymyzdan Darýa Şewçenko birinji
orunlara mynasyp boldular. Welaýatymyzdan Dawut Mämmetnurow bilen Çynar
Goşungeldiýewa rapira boýunça geçirilen ýaryşda altyn medallara eýe çykdylar.
Balkanly Dawid Kuwadow hem-de Mary welaýatyndan Ýelizaweta Wodopýanowa gylyç
görnüşinde guralan ýaryşda birinji orunlary gazanmagyň hötdesinden geldiler.
Türkmenistanyň birinjiliginde
toparlaýyn birinji orna medallaryň iň köpüsini gazanan welaýatymyzyň türgenleri
mynasyp boldular. Ikinji orun Mary welaýatynyň, üçünji orun Aşgabat şäheriniň
toparlarynyň paýyna düşdi.
Öňdäki orunlara mynasyp bolan
türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti
tarapyndan Hormat hatlary we medallar, Türkmenistan Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň welaýat geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat
birleşmesi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komiteti
tarapyndan gymmatbaha sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Welaýat
häkimliginde hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda
halkymyza sowgat beren «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynyň
tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen dabara
welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşular, mährem eneler,
bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada
çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň çapdan
çykmagynyň merdana halkymyzda, aýratyn-da ýaşlarymyzda egsilmez hoşallyk
duýgusyny döredendigini belläp geçmek bilen, ajaýyp kitabyň ýaşlar bilen
baglanyşykly bolmagynda çuňňur manynyň bardygyny aýratyn nygtadylar. Bu
ýerde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň
parlak geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär hem-de aýratyn bil baglaýar.
Geçen ýylda bagtyýar ýaşlarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek, onuň halkara abraýyny
belende galdyrmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirendilerini belläp geçmek
gerek. Kitap olaryň ykdysadyýet, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport
we beýleki ulgamlarda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda alyp barýan
işleriniň waspy ýetirilýär, berkarar ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan
diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp
taglymatlary esasynda ýaş nesil hakynda edilýän aladany özünde jemleýan ýaşlar
baradaky döwlet syýasatynyň esaslary açylyp görkezilýär. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň parasatly ýölbaşçylygynda alnyp barylýan bu syýasat täze taryhy
döwürde ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, sagdyn ösmegi, ylym-bilim
almagy, hünär öwrenmegi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni
durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Watan
mertebesi, mukaddesligi, ezizligi baradaky gymmatly pikirler ýaşlar üçin
gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär hem-de
Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyza, mukaddes topragymyza bolan söýgi-
buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden ýaşlar hem
döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesil barada edýän aladalaryna jogap edip, ýurdumyzyň
bedew batly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Dabarada Watanymyzyň daýanjy daýanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly
Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagy
arzuw edildi.
Welaýatyň
medeniýet we sungatussatlarynyň yerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly
aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olarda berkarar ýurdumyzda alnyp
barylýan beýik işleriň, ajaýyp zamanamyzyň, bagtyýar ýaşlygyň waspy yetirildi.
Işjen
ýagdaýda geçen dabarada hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň we
jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Balkanabat
şäherindäki nebitçileriň medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. «Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasy, dünýä dolýar Magtymguly Pyragynyň
sarpasy» diýen at bilen geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, saglygy
goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ýokary ruhubelentlikde geçiren maslahatda edilen
çykyşlarda täze ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan
edilmeginiň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Munuň özi zähmetsöýer
halkymyzyň ýürek arzuwynyň aýdyň beýanydyr. Geçen ýyllarda bolşy ýaly,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň
parasatly ýolbaşçylygynda berkarar Watanymyzda uly zähmet ýeňişleri gazanylar,
il-ýurt bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalar rowaçlyklara beslener. Geçen
ýylda badalga berlen işler Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän ýylda
dowamatyny tapar. Maslahatda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi hem-de ýurdumyzy
rowaçlyklaryň ýoly bilen röwşen geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik
işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Maslahatda welaýatymyzyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp
ýaşlarynyň taýýarlan aýdym-sazly
çykyşlaryna giň orun berildi. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwri, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy wasp edildi.
Täze ýyl baýramyna welaýatymyzda hem guramaçylykly
taýýarlyk görüldi. Oba-şäherlerdäki köçeler, şaýollar, seýilgähler,
meýdançalar, edara we ýaşaýyş binalary baýramçylyk lybasyna beslendi.
Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynyň öňündäki meýdança — welaýatyň baş arçasynyň ýanyna il sylagly
ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar, ýaşlar, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, medeniýet
we sungat işgärleri ýygnandylar. Yşyklary bilen töweregine ýalkym
saçýan Täze ýyl arçasy göz gamaşdyryjy öwüşginlere beslenip, baýramçylyk
şowhuny göwünlere şatlyk paýlady.
Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, welaýatlaryň sungat
ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary teleköpri arkaly görkezilip başlandy. Dabara
gatnaşyjylar bu çykyşlara höwes bilen tomaşa etdiler. Soňra çykyş etmek gezegi
biziň welaýatymyzyň wekilleriniň paýyna düşdi. Baş arçanyň ýanyna welaýatyň
häkimi H.Aşyrmyradow, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we körpe nesliň
wekilleri jemlendiler. Dabarada çykyş edenler türkmen halkyny, Gahryman
Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi ýetip gelen Täze — 2024-nji ýyl
bilen gutladylar we täze ýylda her bir agzybir
türkmen ojagyna abadançylygyň, uly üstünlikleriň, döwletli-döwranyň,
bagtyýar durmuşyň ýaran bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriniň mundan
beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Sungat ussatlarynyň
ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan Täze ýyl aýdymy dabaranyň şowhunyny
has-da artdyrdy. Tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary baýramçylyk
çäresine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Wagt ýarygijä golaýlaberende, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlendi. Dabara gatnaşyjylar
teleýaýlym arkaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baýramçylyk Gutlagyny uly
ruhubelentlik bilen diňlediler we ol hemmeleriň kalbyndaky buýsanç duýgusyny
artdyrdy.