Bedewlere belent buýsanjyň nyşany
Balkan atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli
baýramynyň şanyna uludan tutulan dabaralar milli gymmatlyklarymyza buýsanjyň
özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Baýramçylyk ýörişi bilen badalga alan toý
çäreleri türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşine goşan uly goşandynyň anyk
mysaly bolan behişdi bedewlerimize bolan hormat-sarpanyň nusgalykdygyny aýdyň
görkezdi. Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki ak öýleriň owadan hatary bilen
bezelen meýdançada welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet
müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalary bilen guralan medeni
çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Belentden ýaňlanyp, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň beýik tutumlary, üsti şemally bedewlerimiz joşgun bilen wasp edilen
aýdym-sazlar, dutar-gyjagyň hoş owazy, milli tanslar, folklor çykyşlary,
görkezilen sahnalar dabaranyň mazmun baýlygyny artdyrdy. Milli oýunlar hem-de
sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar baýramçylygyň täsirli
pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Bu ýerde guralan sergide ýerleşdirilen at
esbaplaryny, bezeg şaýlaryny, atşynaslyk sungatynyň milli ýörelgelerini beýan
edýän işleri, amaly-haşam işlerini hem-de muzeý gymmatlyklaryny toý çäresine
gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen synladylar.
Şeýle göwün göteriji pursatlardan ruhy lezzet alan dabara
gatnaşyjylar soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Üçýaşar atlaryň
arasynda 1200 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda 1 minut 27 sekunt wagt
görkezip, «Nur önümçilik» söwda gurluşyk hojalyk jemgyýetine degişli Nurly
diýen gara at, üçýaşar bedewleriň arasynda ýene-de şol aralyga guralan ikinji
çapyşykda welaýat Polisiýa müdirligine degişli Albedewim diýen al at 1 minut 25
sekunt, dört we ulyýaşar atlaryň gatnaşmagynda 1800 metr aralyga geçirilen
üçünji çapyşykda welaýat agyz suw müdirligine degişli Näzli diýen al gysrak 2
minut 14 sekunt, dört we ulyýaşar atlaryň arasynda şol aralyga geçirilen
dördünji çapyşykda bolsa Röwşen Hyrryýewiň hojalygyna degişli Körpäm diýen dor
bedew 2 minut 18 sekunt wagtlary görkezip, pellehanadan birinji bolup geçmegi
başardylar.
Hormatly Prezidentimiziň baş baýragyny
almak ugrunda geçirilen bäşinji çapyşyga gatnaşan dört we ulyýaşar bedewler hem
1800 metr aralykda ýyndamlyklaryny görkezdiler. Aýratyn uly şowhuna beslenen bu
çapyşyk diýseň çekeleşikli häsiýete eýe bolup, 2 minut 13 sekuntda pellehana
gelmegi başaran welaýat Polisiýa müdirliginiň Sazanda-II diýen gara dor bedewi
baş baýragy eýelemegi başardy. Bedewiň çapyksuwaryna 50 müň manat hem-de
«Zemin» telewizory janköýerleriň al-asmana göterilen şowhunly sesleriniň
astynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.