Halyçylaryň bäsleşigi häkimlik
Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi
geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde
yglan eden «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» atly haly we haly önümleriniň
sergi bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hem-de
türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň käbesi
Ogulabat ejäniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ejesi, Türkmenistanyň at
gazanan halyçysy Ogulgerek gelnejäniň el işleriniň nusgalaryndan ugur alyp,
ýurdumyzyň çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda
geçirilen bäsleşik halkymyzyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagy we wagyz
etmegi, ýaş halyçylaryň has ökdelerini ýüze çykarmagy, olaryň bu käre bolan
höwesini artdyrmagy hem-de bu kesp-käri ýaş gyzlaryň dowam etdirmegini
gazanmagy maksat edindi.
«Syrlardan dokalan gözellik», «El bilen döredilen gudrat»
we «Gözellik dowamaty» atly şertler boýunça bäsleşen halyçylar haly we haly
önümlerinden sergi gurnadylar. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň
nepisligi» atly kitaplaryna esaslanyp, haly sungatyna bolan buýsançlaryny beýan
etdiler. Haly önümleriniň görnüşleri we gelip çykyşlary, tebigy reňkleriň
hem-de ýüň ýüplüginiň taýýarlanylyşy barada gürrüň berdiler. Haly önümleri
bilen toý kejebesini bezediler. Ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän ajaýyp
sungaty içgin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga we ýaş nesillere ýetirmäge giň ýollary
açan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlaryny
gazallaryň, goşgularyň üsti bilen beýan etdiler.
Netijede, Esenguly etrabyndan halyçy Bibisoltan
Sarygulyýewa we Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Oguljeren
Orazgulyýewa birinji, Esenguly etrabyndan halyçy Gülşen Berdigylyjowa we şol
etrabyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy Hojabibi Goçmyradowa ikinji, Bereket
çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Jumagül Saparmämmedowa we Baýramsoltan
Gapurowa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşikde birinji we ikinji orunlary eýelän halyçylar
onuň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.