Habarlar

Ýyndamlar öňe saýlandy

22.04.2024

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde, has takygy, geçen ýekşenbe güni Balkan  atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň  ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky at çapyşygy geçirildi.        

             Atçylyk sport toplumynyň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen ajaýyp meýdançada  guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus ýokary ruhubelentlige beslendi. Giňden ýaýbaňlandyrylan dürli medeni-sport çärelerinden, joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar soňra gyzykly at çapyşyklaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler.

            Ilkinji çapyşyk üçýaşar atlaryň arasynda bolup, onda bedewler 1200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Perhat Allaberdiýewiň hojalygyna degişli Mizan diýen dor ata taý tapylmady. Ol bellenilen aralygy 1 minut 32,5 sekuntda geçmegi başardy.  

            Üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ikinji çapyşyk hem 1200 metr aralygy öz içine aldy. Janköýerleriň şowhuny astynda geçen bu çapyşykda 1 minut 30,7 sekunt netije görkezen Dorsakar diýen dor at birinji bolup pellehana gelmegi başardy. Ol Gurbanmuhammet Germangulyýewiň hojalyk atydyr.  

            Üçünji çapyşyk hem 1200 mert aralyga üçýaşar atlaryň arasynda geçirilip, diýseň gyzykly bolan bu çapyşykda Arslan Täzäýewiň Aýbike atly bedewi öňdeligi eýelemegi başardy. Onuň görkezen wagty 1 minut 28,6 sekunda deň boldy.  

            Dördünji çapyşyk dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda geçirilip, ol 1400 metr aralygy öz içine aldy. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Mazmun diýen aty  pellehana 1 minut  50,5 sekuntda gelmegi başaryp, ähli bedewlerden öňe saýlandy.  

           1400 metr aralyga guralan bäşinji çapyşykda Seýitguly Tülegenowyň  Dagýyldyz atly gyr atyna taý tapylmady. Bu at bellenilen aralygy 1 minut 47 sekuntda geçdi.  

           1800 metr aralyga geçirilen altynjy çapyşykda Körpe atly bedew bellenilen aralygy 2 minut 22,4 sekuntda geçip, iň gowy netijäni görkezdi. Ol Seýitmuhammet Orazmuhammedowyň hojalygyna degişlidir.  

          Jemleýji ýedinji çapyşyk has-da çekeleşikli bolup, ol hem 1800 metr aralyga geçirildi. Dört we ulyýaşar atlaryň arasynda çekeleşikli geçen ýaryşda Amanmyrat Ýazmyradowyň Ýagmyr atly aty ýaryşyň bütin dowamynda öňdeligi elden bermedi. Ol bu çapyşykda 2 minut 18,5 sekunt netije görkezip, birinji bolup pellehanadan geçdi.  

           Çapyşyklarda öňe saýlanan bedewlere serpaýlar ýapylyp, olaryň çapyksuwarlaryna welaýatymyzyň etrap-şäher häkimlikleriniň goýan gymmatbahaly sowgatlary  dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.