Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly
bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen höwesjeň
aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýatymyz boýunça
tapgyry ýokary guramaçylyga hem-de ruhy joşguna beslendi. Balkanabat şäheriniň
binagärlik gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň
öňündäki giň meýdançada bäsleşigiň ilkinji tapgyrlarda üstünlik gazanan
höwesjeň estrada aýdymçylarynyň täsirli çykyşlarynyň her biri tomaşaçylaryň
dowamly ýaňlanan şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Joşguna beslenen bäsleşikde eminler dalaşgärleriň
çykyşlarynyň aýratynlyklaryna, ýerine ýetirijilik ussatlygyna we
özboluşlylygyna, sahnada özlerini alyp baryşlaryna aýratyn üns berdiler.
Şeýlelikde, olaryň gelen netijeleri boýunça şowhunly el çarpyşmalar astynda
ýeňijiler yglan edilip, «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Balkanabat
nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki-abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annaýew hem-de
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawly
döwlet gözegçilik administrasiýasynyň deňiz port kapitany gullugynyň
Türkmenbaşy port gözegçilik inspektory Ýakup Öwezow «Ýaňlan, Diýarym! — 2022»
telebäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Hormatly Arkadagymyzyň doglan gününiň şanyna welaýatymyzda geçirilen
dabaraly çäreler baý many-mazmuny özünde jemledi.
Welaýat hem-de
Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde
guramaklarynda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň gözel sahnasynda «Halk daýanjy, Watan bagty
Arkadag!» diýen at bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy hem ýokary
ruhubelentlige beslendi. Meşhur bagşy-sazandalaryň, ussat estrada
aýdymçylarynyň, çeper höwesjeňleriň, şeýle-de talyp ýaşlaryň çykyşlary täsirli
we şowhunly boldy. Şanly toýuň şanyna guralan baýramçylyk konsertinde Gahryman
Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işleriniň, Arkadagly Serdarymyzyň
baştutanlygynda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň waspy belentden ýetirildi. Aýdym-sazly
dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Alkyşnama» atly aýdymy bolsa,
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň
halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly
işlerine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere hoşallygyň, alkyşyň
özboluşly beýany bolup ýaňlandy.
Soňra baýramçylyk dabarasy «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp
meýdançada dowam etdi. Onda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Dürli döredijilik toparlarynyň
joşgunly çykyşlary, estrada aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalaryň berkarar
döwletimizi, bagtyýar durmuşymyzy wasp eden şirin owazly aýdymlary
bel;entden-belent ýaňlandy.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet
hepdeligi mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan dabaraly çäreler biri-birine utgaşýar.
Şeýle dabaralaryň biri welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen
bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň
öňündäki meýdançada geçirildi.
Bedew bady bilen öňe barýan döwrümizde hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallasy netijesinde medeniýetiň we sungatyň gülläp ösmegine, milli
mirasyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp, geljekki nesillere
ýetirilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda öz zehini, zähmeti we döredijilik
ukyby bilen has tapawutlanýan medeniýet we sungat ussatlaryna hormatly atlary dakmak
we döwlet sylaglaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Dabarada çykyş edenler
şular dogrusynda buýsançly gürrüň etmek bilen, medeniýete, sungata sarpa goýýan
hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Baýramçylyk mynasybetli guralan dabarada welaýatymyzyň medeniýet
we sungat ussatlary, folklor toparlary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine
döredilen aýdymlary, şeýle-de “Halkyň
Arkadagly zamanasy” ýylyny, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazlary,
tanslary ýerine ýetirdiler.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan
Medeniýet hepdeligine bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynda welaýat häkimligi we welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan geçirilen
aýdym-sazly dabara aýratyn many-mazmuna eýe boldy.
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň
rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýollaryň açylýandygy, ulgamyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda uly sepgitlere ýetilýändigi
hemmeleri guwandyrýar. Çäräniň dowamynda çykyş edenler bu hakykaty öwran-öwran
nygtap, halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini, halypalara uly
hormat-sarpa goýulýandygyny, milli medeniýetimizi ösdürmekde yhlasyny,
zähmetini gaýgyrmadyk ussat halypalaryň sungatyň dürli ugurlarynda döreden
özboluşly ýol-ýörelgeleriniň şu günki nesillerimiz üçin gymmatly baýlykdygyny
buýsanç bilen bellediler.
Medeniýet we sungat, bilim işgärleriniň, mährem eneleriň we talyp ýaşlaryň
gatnaşmagynda geçirilen çäräniň dowamynda welaýatymyzyň aýdym-saz we tans
toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi. Olarda ajaýyp döwrümiziň, Arkadagly
Serdarymyzyň beýik işleriniň waspy belentden ýaňlandy.
Medeniýet we
sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli
Balkanabat şäherindäki Türkmeniň Ak öýi binasynyň toý dabaralar zalynda
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda aýdym sazly
baýramçylyk çäresi geçirildi.