Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 26-njy
awgustynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bugdaý
ekişine başlamaga ak pata bermegi bilen ruhlanan welaýatymyzyň gallaçylary 2-nji
sentýabrda bu jogapkärli möwsüme guramaçylykly girişdiler. Il sylagly ýaşulular,
gallaçy daýhanlar, obasenagat toplumynyň hünärmenleri, daýhan hojalyklarynyň
ýolbaşçylary, kuwwatly hem ýokary öndürijilikli tehnikalara başarjaňlyk bilen erk
edýän mehanizatorlar şol gün Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň
ekerançylyk meýdanyna ýygnandylar. Bu ýerde welaýatymyzyň bagşy-
sazandalarynyň, estrada aýdymçylarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüni wasp edýän şowhunly aýdym-sazlary belentden ýaňlanýar.
Bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin bu
ýere gelenler dürli oba hojalyk gurallarynyň, ekişde ulanyljak tehnikalaryň, olaryň
ätiýaçlyk şaýlarynyň, dürli azyk, çörek we çörek önümleriniň, amaly-haşam
sungatynyň hem-de el işleriniň sergilerini höwes bilen synlaýarlar. Hatar tutup
oturan ak öýler, döwrebap bezelen sahnada ýerine ýetirilýän ajaýyp tanslar, folklor
çykyşlary hem-de sahna oýunlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlaýar.
Dabaranyň aýgytlaýjy pursadynyň gelip ýetmegi bilen, Arkadagly
Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary,
asylly däbe görä ekişi «Bismilla» bilen başlap, ilkinji bolup, topraga bugdaý
tohumlaryny sepýärler. Olaryň yzysüre bolsa depelerinde ýaşyl Baýdak pasyrdaýan
traktorlar herekete girizilýär. Altyn güýzüň başynda guramaçylykly badalga berlip,
kalbyňda ýakymly duýgulary oýarýan şeýle pursady synlap duran adamlar geljek
ýylyň hasylynyň bereketli bolmagyny Beýik Biribardan dileg edýärler.
* * *
Bugdaý ekişine girişilmegi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler
zalynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Serdarymyz!» atly dabaraly maslahat
geçirildi. Onda bugdaý ekişini öz wagtynda, guramaçylykly geçirmegiň meseleleri
ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýat, şeýle hem etrap-şäher häkimleriniň, daýhan
2
birleşikleriň başlyklarynyň, oba hojalygyna dahylly pudaklaryň ýolbaşçylarynyň,
degişli hünärmenleriň, mehanizatorlaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň,
il sylagly ýaşulularyň we ussat gallaçy daýhanlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen
dabaraly maslahatda çykyp geplänler bugdaý ekişini öz wagtynda we bildirilýän
talaba laýyk geçirmek üçin ähli şert-mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, jogapkärli
möwsümde gazanyljak üstünlik geljekki bol hasylyň kepilidir diýip nygtadylar.
Ekişde ulanyljak tehnikalar öňünden taýýar edildi. Welaýatymyzyň toprak-howa
şertlerine laýyklykda, topraga sepiljek bugdaý tohumlarynyň aýratynlyklary
bellenildi.
Ýurdumyzyň tebigat dünýäsi özboluşlydyr. Günorta-Günbatar Köpetdag ösümliklere örän
baýdyr. Olaryň biri-de türkmen selmelegidir. Bu ösümligiň dünýäde bäş görnüşi bolup,
ýurdumyzda bir görnüşi duş gelýär.
Türkmen selmelegi dag derman ösümligi bolup, ol toýunly, oňat çyglaşan mele
topraklarda, çagylly we daşly günorta eňňitlerde, agaçdyr gyrymsy agaçlaryň arasynda,
garatikenleriň jeňňelliklerinde ösüp boý almagy halaýar. Boýy 20-40 santimetre çenli ýetýär.
Türkmen selmelegi noýabr-aprel aýlarynda gülleýär, maý-iýul aýlarynda miweleri
bişýär. Ösümlik tohumyndan köpelýär. Türkmen selmelegine ülkämizde deňiz
derejesinden 800-1200 metr belentlikde duş gelmek bolýar. Ösümlik 3-4 ýyldan soň miwe
berip başlaýar, Günorta-Günbatar Köpetdagda: Hozluda, Şywlanda, Altybaýda,
Galalygözde, Hydyrsuwda, Çokagaçda, Süntde gabat gelýär. Ol köp ýaşaýan, sowuga
durnukly, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikdir.
Dermanlyk maksatlary üçin miwesi, ýapragy, köki çig mal bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-
ensiklopedik eserinde türkmen selmeleginiň dermanlyk häsiýetleri barada giňişleýin
maglumat berilýär.
Ýurdumyzda dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylary
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan düzülen ýörite
meýilnama esasynda çagalar bilen gyzykly, täsirli çäreler, duşuşyklar, gezelençler,
sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Ýakynda TMÝG-niň welaýat we
Türkmenbaşy şäher geňeşleri, şeýle hem welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi
bilelikde bu ýerde ýerleşýän «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç
alýan körpeleriň arasynda «Bagtyýar çagalyk» ady bilen kenar ýakasynda çygly çägeden
şekil ýasamak boýunça bäsleşik geçirdiler. Oňa gatnaşan çagalar gülleýän, gül açýan
Watanymyzyň tebigy gözelliklerini, ajaýyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny,
bagtyýar çagalygy, ýurdumyzda gurulýan ajaýyp binalary şekillendirdiler. Bäsleşikde
«Awaza» topary birinji, «Asuda» topary ikinji, «Şatlyk» topary bolsa üçünji orunlary
eýelediler.
«Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň sport meýdançasynda
«Berkarar döwletiň sagdyn nesilleri» ady bilen sportuň dürli görnüşleri, şeýle-de deňziň
kenarynda tanap çekmek boýunça geçirilen bäsleşikler hem täsirli boldy. Gyzykly we
çekeleşikli geçen sport bäsleşiklerinde ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlar
gowşuryldy.
Bäsleşiklerden soň çagalar «Awaza» derýasynda gaýykda gezelenç etdiler we
Hazar deňziniň, tebigatyň gözelliklerini synladylar.
Balkanabat
şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda
«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň
welaýat tapgyry geçirilip, oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelin-gyzlar
gatnaşdylar.
Zenanlar bäsleşigiň
şertlerine laýyklykda, keçe taýýarlamakda ulanylýan gadymy usullar, gerek
bolýan gurallar we olaryň atlary barada gürrüň berdiler. Keçä gerekli bolan
ýüňi saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek, keçäniň gamyşyny çykamak
ýaly işleri birin-birin görkezdiler. Berlen wagtyň dowamynda boýy 1,5 metr, ini
1 metr bolan keçelere «Ak tüýnük», «Gyzyl tüýnük», «Gözenek», «Gülýaýdy»,
«Sekiz goçak», «Barmak», «Gapyrga», «Öküz oňurga» ýaly nagyşlary salyp
güllediler. Keçäni salmakda we basmakda bäsleşdiler. Keçe bilen baglanyşykly
taryhy maglumatlary, keçe nagyşlaryndan söhbet açýan gadymy rowaýatlary,
yrymlary, keçäniň boýaglaryny çöpboýadan alan ene-mamalarymyzdan dowam edip
gelýän söhbetleri aýdyp berdiler. Gözellik sungaty hasaplanylýan
keçelerimize degişli rowaýatlary, degişmeleri, aýdyşyklary şahyrana sözlerde beýan etdiler hem-de
sahnalarda ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň netijesi
boýunça Türkmenbaşy etrap
medeniýet merkeziniň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Tuwakgül
Meredowa birinji, Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynyň ýaşaýjysy Gülruh
Nyýazmyradowa ikinji orunlara mynasyp boldular. Olar
bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşarlar.
Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» kärhanasy egsilmez
tebigy baýlyklarymyzyň biri bolan nahar duzuny senagat taýdan gaýtadan
işlemekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň öňde goýýan
belent wezipelerine mynasyp goşant goşýan döwrebap senagat kärhanalarynyň biridir.
Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny halkymyzyň abadan, bolelin ýaşaýyş-durmuşyny
üpjün etmäge, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň dowamly pugtalandyrylmagyna
gönükdirmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän giň gerimli
özgertmeleriniň esasy maksady bolup durýar. Şonuň üçin ykdysadyýetiň geljegi uly
pudaklarynyň biri bolup durýan himiýa senagatynyň baý tebigy serişdelere
daýanýan çig mal we önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda, pudagyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda guwandyryjy sepgitlere
ýetilýär. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen geçen ýyllarda «Guwlyduz»
kärhanasynda hem döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmekde düýpli öňegidişlikler
gazanyldy. Kärhananyň binýadynda täze önümhananyň işi ýola goýuldy. Munuň özi
kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwatyny nahar duzuny öndürmekde 40 müň tonna,
gerdejik görnüşli tehniki duz babatda bolsa 2 müň 500 tonna çenli ýetirmäge şert
döretdi. Hususy işewürlerimiz tarapyndan durmuşa geçirilen bu işler
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň baýry önümçilik kärhanasynda öndürilýän
önümleriň hil derejesine hem oňyn täsirini ýetirdi.
Uly üstünliklere eýe bolýan «Guwlyduz» kärhanasynyň zähmet topary
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny hem mynasyp zähmet görkezijilerine
besleýär. Ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça senagat taýdan gaýtadan işlemek
üçin gazylyp alnan duzuň umumy möçberiniň 48 müň 296 tonnadan geçip, 102
göterim zähmet üstünliginiň gazanylmagy munuň anyk subutnamalarynyň biridir.
Bu döwürde önümçi-ligiň dürli pudaklarynda giňden ulanylýan gerdejik görnüşli
tehniki duz öndürmekde iş meýilnamasyna 103,9 göterim hötde gelindi.
Munuň özi önümiň 42 müň 930 tonnasynyň çykarylandygyny görkezýär.
Umumy gaplanan nahar duzy 15 müň 274 tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 156,7 göterime deň boldy. Ýetilýän
sepgitler pudagy mundan beýläk-de ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň edýän
aladalaryna kärhananyň hünärmenleriniň hoşallyklarynyň mynasyp beýanydyr.