Habarlar
06.11.2023

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Rowaç» kottejler toplumynyň çäginde ýörite taýýarlanylan meýdanda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýat, etrap, şäher häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşululardyr mährem eneler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, talyp ýaşlardyr ýaş çatynjalar we köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, ýaş çatynjalara hem-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da belende göterdi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren  döwrebap aýdym-sazlary hem-de tans toparlarynyň joşgunly  çykyşlary  bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Şowhuny ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň rowaç ösüşleriniň, erkana durmuşymyzyň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi. Dabaranyň geçýän ýerlerinde  ýaşajyk  bag nahallarynyň we gülleriň dürli görnüşlerinden, muzeý gymmatlyklaryndan, senetçilige, amal-haşam sungatynyň el işlerine degişli önümlerden guralan sergiler aýratyn many-mazmuna eýe boldy.  

          «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bag ekmek çäresinde saýaly we pürli agaçlaryň 2 müň 400 düýbi ekildi. Bu asylly çäräniň dowamynda bag nahallarynyň 15 müň 280 düýbi, şol sanda miweli we üzüm nahallarynyň bolsa 1 müň 600 düýbi ekildi. Öňden ösüp oturan baglaryň 67 müň 700-e golaýyna  ideg işleri edildi.

            Ählihalk bag ekmek dabaralaryna gatnaşanlar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde amala aşyrýan asylly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza   ýürekden çykýan  alkyş sözlerini aýtdylar.  

01.11.2023

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet merkezinde hem-de bu etrabyň Belek şäherçesiniň medeniýet merkezinde «Medeniýet we döwür» atly dabaraly maslahatlar geçirildi. Olara bilim, medeniýet ulgamlarynyň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, şahyrlar, ýaşlar gatnaşdylar.

         Milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy, halk döredijiligini, kitaphana ulgamyny kämilleşdirmek, maddy ýadygärliklerimizi içgin öwrenmek we sarpalamak medeni mirasy goramaklygyň esasy şertleriniň biridir. Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşulyp, geljekki nesiller üçin taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary aýawly saklamak boýunça giň möçberli işleri yzygiderli alyp barýar. Maddy gymmatlyk bilen bir hatarda, ruhy medeniýeti ösdürmek, onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak häzirki döwürde esasy meseleleriň biridir. Medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülen kitaplara goýulýan hormat-sarpa has-da artýar. Kitaphanalaryň işi dünýä ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirilýär, okyjylaryň sany hem barha artýar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Ata Watanymyzda sazlaşykly alnyp barylýan beýik işleriň, hormatly Prezidentimiziň, döwrümiziň, medeniýetimiziň waspy şirin owazly aýdym-sazlarda, goşgularda ýetirildi.

30.10.2023

Welaýat döwlet drama teatrynda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy  mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçirildi. Welaýat ýörite sungat mekdebi hem-de çagalar sungat mekdepleri tarapyndan geçirilen festiwalda görnükli kompozitoryň simfoniki döredijiliginden «Tüýdük», wokal döredijiliginden «Soňudagy», «Geler», «Uçuň, durnalar», «Türkmen sährasy», «Aýgytly ädim» kinofilminden «Hüwdi», «Kerwen», «Şükür bagşy» kinofilminden «Şüküriň at çapyşy», «Mukamyň syry» kinofilminden «Gyzlaryň tansly hory» we fortepiano döredijiliginden «Dutaryň owazy» diýen aýdym-sazlary, şeýle-de «Pursatlar» toplumyndan birnäçe sazlary ýaňlandy.

Esasanam, welaýat ýörite sungat mekdebiniň orkestr toparynyň kompozitoryň «Türkmenistan» simfoniki suratlarynyň «Tüýdük» diýlip atlandyrylan ikinji bölümini ýerine ýetirmegi aýratyn ýakymly pursatlary peşgeş berdi. Ondaky tüýdügiň mylaýym owazyny diňläninde, çopanlaryň durmuşy, ullakan süri, owlak-guzularyň bökjekläp oýun edişleri, ürgün çägeli depeler bilen bezelen sähra, hatda şol depeleriň üstünden köwsarlap öwsüp duran şemalam diňleýjiniň hyýalynda janlanýar.

Festiwalda çagalar, talyplar, mugallymlar yzly-yzyna çykyş edip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar, bu ýurdymyzda halypa-şägirtlik ýolunyň hem mynasyp dowam etdirilýändigine aýdyň şaýatlyk etdi. Olar halypalary ýatlap, şeýle festiwallary geçirmäge döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

25.10.2023

Balkanabat şäherinde nebitçileriň maşgalalary üçin iki sany ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Olaryň açylyş dabarasyna welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, bagtyýar çagalar, talyplar hem-de welaýat merkeziniň köp sanly ýaşaýjylary agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünliklere beslenýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Halkynyň bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda binalaryň gurluşyklarynda tapawutlanan gurluşykçylara Gahryman Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar raýatlara öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy hem dabaranyň ýakymly pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sungat ussatlarynyň dabara bezeg beren joşgunly çykyşlarynda täze taryhy eýýamyň özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň beýik tutumlary taryplandy.

         Soňra ýaşulular şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesip, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Hersi iki gatdan ybarat bolup, her biri 16 hojalyga niýetlenen binalaryň iki, üç we dört otagly öýlerinde döredilen amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly enjamlar bilen üpjünçiligi hemmelerde çuňňur kanagatlanma döretdi.

         «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň durky täzelenen binasynyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem şanly wakalaryň biri boldy. Iki gatdan ybarat binanyň öňündäki meýdança baýramçylyk keşbine beslenip, bu ýerde hem buýsançly gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Pudagy ösdürmekde döwlet derejesinde edilýän nusgalyk aladalar üçin Gahryman Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Medeniýet we sungat wekilleriniň täsirli, çuň mazmunly çykyşlary dilleriň senasyna öwrülen alkyşly sözleriň üstüni ýetirdi. Milli tanslar bilen utgaşan aýdym-sazlarda abadan durmuşymyz, nurana geljegimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy eýýama bezeg berýän beýik işleri wasp edildi. Dabarada binanyň durkuny täzelemek hem-de onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak işlerini alyp baran «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

         Ýaşulularyň ak patasy bilen ulanyşa tabşyrylan binada döredijilikli hem-de netijeli işlemek üçin döredilen şertlerdir mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Institutyň iş otaglary we barlamhanalary häzirki zamanyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýän mebellerdir enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Munuň özi gözleg-barlag işleriniň, çuň guýulary burawlamagyň taslamalaryny düzmek, uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny hasaplamak, gözleg-barlag buraw işleriniň meýilnamasy üçin ylmy teklipleri bermek ýaly institut tarapyndan alnyp barylýan işleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer.

20.10.2023

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli hem-de türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alnyp, kärhanalarda zähmet çekýän we tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde, milli lybaslary biçip-tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda tapawutlanan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Zenanlaryň ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän tikinçilik sungatyna bolan yhlasyny, söýgüsini açyp görkezmegi, olaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegi, zähmet öndürijiligini artdyrmagy, Watanymyza, il-günümize, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan belent söýgi-buýsanjy wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik dört şertden ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertlerine laýyklykda, işlemäge, hünär öwrenmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga döredilýän şertler hem-de tikýän milli lybaslarynyň aýratynlyklary hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Bellenen wagtyň dowamynda gyzjagaza köýnek biçdiler we tikdiler. Lybasa salynýan nagyşlary, olara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklaryny, aňladýan manylaryny, milli eşikleriň matalarynyň saýlanyşyny, biçilişini we tikilişini çeper sözde beýan etdiler. Şeýle-de durmuşa çykjak gyzyň bukjasyny taýynladylar we ony hem alajalar bilen bezediler, gazallaryň, aýdyşyklaryň üsti bilen bukjanyňdyr alajalaryň waspyny ýetirdiler. Öz tikip keşdelän milli lybaslaryny geýnip, döwrebap milli türkmen lybaslarynyň görkezilişini guradylar. Milli gymmatlyklarymyzy goşgudyr gazallarda, rowaýatlarda wasp etmekde birek-birekden kem durmadylar.

Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça Magtymguly etrabynyň medeniýet merkeziniň baletmeýsteri Annagül Myradowa, şol merkeziň tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Gurbanbike Garaýewa, Gyzylarbat etrap hassahanasynyň şepagat uýasy Züleýha Körpäýewa dagy birinji orna mynasyp bolmagy başardylar we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.