Habarlar

Tikinçi zenanlaryň bäsleşigi

20.10.2023

Welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar — hormatym bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli hem-de türkmen zenanlarynyň görelde mekdebine öwrülen Ogulabat ejäniň döreden amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alnyp, kärhanalarda zähmet çekýän we tikinçilik bilen meşgullanýan, el işlerini ýerine ýetirmekde, milli lybaslary biçip-tikmekde görelde görkezýän tikinçi zenanlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda tapawutlanan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Zenanlaryň ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän tikinçilik sungatyna bolan yhlasyny, söýgüsini açyp görkezmegi, olaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegi, zähmet öndürijiligini artdyrmagy, Watanymyza, il-günümize, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bolan belent söýgi-buýsanjy wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik dört şertden ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertlerine laýyklykda, işlemäge, hünär öwrenmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga döredilýän şertler hem-de tikýän milli lybaslarynyň aýratynlyklary hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Bellenen wagtyň dowamynda gyzjagaza köýnek biçdiler we tikdiler. Lybasa salynýan nagyşlary, olara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklaryny, aňladýan manylaryny, milli eşikleriň matalarynyň saýlanyşyny, biçilişini we tikilişini çeper sözde beýan etdiler. Şeýle-de durmuşa çykjak gyzyň bukjasyny taýynladylar we ony hem alajalar bilen bezediler, gazallaryň, aýdyşyklaryň üsti bilen bukjanyňdyr alajalaryň waspyny ýetirdiler. Öz tikip keşdelän milli lybaslaryny geýnip, döwrebap milli türkmen lybaslarynyň görkezilişini guradylar. Milli gymmatlyklarymyzy goşgudyr gazallarda, rowaýatlarda wasp etmekde birek-birekden kem durmadylar.

Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesi boýunça Magtymguly etrabynyň medeniýet merkeziniň baletmeýsteri Annagül Myradowa, şol merkeziň tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Gurbanbike Garaýewa, Gyzylarbat etrap hassahanasynyň şepagat uýasy Züleýha Körpäýewa dagy birinji orna mynasyp bolmagy başardylar we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.