Şatlyk-şowhuna beslenen açylyş dabaralary
Balkanabat şäherinde nebitçileriň maşgalalary
üçin iki sany ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Olaryň açylyş
dabarasyna welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, bagtyýar çagalar, talyplar hem-de
welaýat merkeziniň köp sanly ýaşaýjylary agzybirlik bilen gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny
ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegiň Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň üstünliklere beslenýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Halkynyň
bagtyýar durmuşy barada uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan hoşallyk
sözlerini aýtdylar. Dabaranyň dowamynda binalaryň gurluşyklarynda tapawutlanan
gurluşykçylara Gahryman Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar
gowşuryldy. Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar raýatlara öýleriň açarlarynyň
gowşurylmagy hem dabaranyň ýakymly pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sungat
ussatlarynyň dabara bezeg beren joşgunly çykyşlarynda täze taryhy eýýamyň
özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň beýik tutumlary
taryplandy.
Soňra
ýaşulular şowhunly el çarpyşmalar astynda toý bagyny kesip, «Türkmennebit»
döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama»
müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň
mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Hersi iki gatdan ybarat bolup, her biri 16
hojalyga niýetlenen binalaryň iki, üç we dört otagly öýlerinde döredilen
amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly enjamlar bilen üpjünçiligi hemmelerde
çuňňur kanagatlanma döretdi.
«Türkmennebit»
döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň durky täzelenen binasynyň
dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem şanly wakalaryň biri boldy. Iki
gatdan ybarat binanyň öňündäki meýdança baýramçylyk keşbine beslenip, bu ýerde
hem buýsançly gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Pudagy ösdürmekde döwlet
derejesinde edilýän nusgalyk aladalar üçin Gahryman Prezidentimiziň hem-de
Milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. Medeniýet we sungat
wekilleriniň täsirli, çuň mazmunly çykyşlary dilleriň senasyna öwrülen alkyşly
sözleriň üstüni ýetirdi. Milli tanslar bilen utgaşan aýdym-sazlarda abadan
durmuşymyz, nurana geljegimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy
eýýama bezeg berýän beýik işleri wasp edildi. Dabarada binanyň durkuny
täzelemek hem-de onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak işlerini alyp baran
«Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň
gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar
gowşuryldy.
Ýaşulularyň
ak patasy bilen ulanyşa tabşyrylan binada döredijilikli hem-de netijeli işlemek
üçin döredilen şertlerdir mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Institutyň iş otaglary we barlamhanalary häzirki zamanyň ýokary talaplaryna
doly laýyk gelýän mebellerdir enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Munuň
özi gözleg-barlag işleriniň, çuň guýulary burawlamagyň taslamalaryny düzmek,
uglewodorod serişdeleriniň gorlaryny hasaplamak, gözleg-barlag buraw işleriniň
meýilnamasy üçin ylmy teklipleri bermek ýaly institut tarapyndan alnyp barylýan
işleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer.