Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda welaýat
häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda
«Magtymguly Pyragynyň mirasy — parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli
hyzmatdaşlygyň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Jemgyýetçilik
guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş
saçly eneleriň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahat ýokary
ruhubelentlige beslendi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlyklyk
etmeginde, daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda paýtagtymyz
Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň onda eden çuň many-mazmunly çykyşynyň taryhy ähmiýete eýe
bolandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň
döredijiliginiň bütin Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedigi, onuň goşgularynyň
dünýä dillerine terjime edilip, söýlüp okalýandygy, akyldaryň parahatçylygy,
aýdyň geljegi, bagtyýar durmuşy arzuwlan şahyrdygy we şol arzuwlarynyň ajaýyp
zamanamyzda hasyl bolandygy barada gürrüň etdiler. Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyra goýulýan sarpanyň has ýokary derejelere
göterilýändigine paýtagtymyzda geçirilen halkara forum aýdyň şaýatlyk
edýändigini belläp, beýik söz ussadynyň at-abraýyny arşa göteren Gahryman Arkadagymyza
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden alkyş aýtdylar.
Dabaraly maslahatda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň
joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyrylyp, olarda Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň,
hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, Magtymguly Pyragynyň waspy belentden ýetirildi.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri
barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly
bäsleşiginiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki Türkmeniň «Ak öýi»
binasynda geçirildi.
Halkymyzyň medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň biri
bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp geçirilen bäsleşik ene-mamalarymyzdan
gelýän keşdeçilik sungatyny mynasyp dowam etdirmegi, ýaşlarda bu sungata bolan
söýgini artdyrmagy maksat edindi.
Bäsleşige gatnaşan zenanlar onuň şertlerine laýyklykda,
türkmen keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary barada buýsanç bilen
gürrüň berdiler. Olar ýaka, tahýa, kürte keşdelemekde taýýarlyk işlerini birme-bir
ýerine ýetirip, özleriniň saýlap alan keşdelerini çeper sözlerde wasp etdiler.
Olaryň keşdelejek işlerini dyzlarynyň üstlerinde dogry goýuşlary, iňňe tutuşlary,
sanjyşlary, işilen ýüpekleri ýerligine görä ulanyşlary emin agzalary tarapyndan
aýratyn gözegçilikde saklanyldy.
Zenanlaryň dürli nagyşlar bilen sünnälän milli lybaslarynyň
waspyny goşgularyň, rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen ýerine ýetirmekleri
has-da täsirli boldy.
Milli mirasymyzy aýawly saklamaga, gadymy nusgalara täze
öwüşgin çaýmaga, olary ýaş nesillerimize ýetirmäge ähli mümkinçilikleri
döredýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri çäräniň
dowamynda öwran-öwran dile getirildi.
Uly ruhubelentlige beslenen bäsleşigiň jemi jemlenilende,
Gyzylarbat etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Oguljeren Amangeldiýewa
we şol etrabyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Laçyn Saryýewa ýeňijiler diýlip
yglan edildiler we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Häzirki günlerde welaýatymyzyň pagta meýdanlarynda zähmet
joşýar. Pagta kabul ediş bölümlerinde gün-günden beýgelýän «ak altyn»
harmanlary welaýatymyzyň pagtaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýylynda belent sepgitleri eýelejekdiklerine güwä geçýär.
Meýdan düşelgelerinde geçirilýän aýdym-sazly dabaralar
zähmet adamlaryny yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Şeýle çäreleriň biri ýakynda
welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda
Gyzylarbat etrabynyň «ak altynly» meýdanlarynda geçirildi. Sungat ussatlarynyň
joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň,
hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň,
eşretli durmuşymyzyň, edermen babadaýhanlarymyzyň gazanýan zähmet
üstünlikleriniň waspy ýetirildi. Günortan arakesme mahalynda ýaňlanan döwrebap
aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen joşgunly tanslar, şowhunly halk döredijilik
çykyşlarydyr gülküli sahnalar pagtaçylara ruhy lezzet paýlap, olary täze zähmet
ýeňişlerine ruhlandyrdy.
Meýdan düşelgesinde guralan aýdym-sazly dabaranyň
dowamynda pagta ýygymynda tapawutlanyp işleýän kärendeçilere, kombaýnçylara,
awtoulag sürüjilerine Türkmenistanyň Demokratik, Agrar partiýalarynyň welaýat
komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň
sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň, oba hojalyk önümleriniň
sergileri guralyp, ekerançylyga degişli milli däp-dessurlar, azyk önümleriniň
taýýarlanylyşy janlandyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk
ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri esasynda taýýarlanylan
melhemlik içgiler pagtaçy kärendeçilere hödürlendi.
«Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýokary zähmet ýeňişlerine besleýän pagtaçylar
oba hojalyk pudagyny düýpli ösdürmäge berýän hemaýaty, goldawlary üçin Gahryman
Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat
häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň jemgyýetçilik
guramalary bilen bilelikde geçiren baýramçylyk dabarasynyň arzyly myhmanlary dilleri
senaly aksakgal gojalar, mährem eneler, zähmet weteranlary boldular. Baýramçylyk
dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary
netijesinde ýaşuly nesle sylag-sarpanyň egsilmezdigi, eziz Diýarymyzda il-ýurt
bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň her birine pähim-paýhasyň mekdebi
bolan ýaşulular bilen maslahatly badalga berilýändigi barada buýsanç bilen
gürrüň edildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli
döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimiziň joşgunly
çykyşlary dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Dabaranyň dowamynda il-sylagly ýaşululara,
mährem enelere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary
dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Baýramçylyk dabaralary soňra welaýat
merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada dowam etdi. Welaýat ýörite sungat
mekdebiniň dutarçy talyp ýaşlarynyň hem-de
welaýatyň adygan aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren döwrebap
aýdym-sazlarynda «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklarynyň,
ýaşululara goýulýan sylag-sarpanyň, eşretli ýaşaýşymyzyň, bagtly durmuşymyzyň
waspy mynasyp beýanyny tapdy.
Welaýatyň il sylagly
ýaşulularynyň gatnaşmagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna, welaýat
kitaphanasyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş we Magtymguly Pyragy
muzeýlerine guralan gezelençler hem täsirli boldy.
Garaşsyzlygymyzyň şanly
33 ýyllygy welaýatymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi.
Esasy dabara Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, oňa
welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli pudaklaryň
işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Döwlet senamyzyň
belentden ýaňlanyp, ýaşyl Tugumyzyň al-asmana galdyrylmagy bilen baýramçylyk
dabarasyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň halkyna şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy
mynasybetli iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalyp, ol şowhunly el çarpyşmalar
bilen garşylandy. Bu ýerde edilen
çykyşlarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
halkymyza eçilen bagty dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Baş baýramymyzyň
öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen beýik işleriň has-da
rowaçlanjakdygynyň güwäsine öwrülendigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.
Soňra welaýatymyzyň
medeniýet we sungat ussatlarynyň şirin owazly aýdym-sazlaryna, tanslaryna, welaýat
döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasyna tomaşa edildi.
Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurt Garaşsyzlygynyň, Gahryman
Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň waspy
belentden-belent ýaňlandy.