Buýsanja beslenen halkara baýram

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň uly ähmiýetli wakalarynyň
hatarynda welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe-sport
hem-de medeni-köpçülikleýin çäreler birnäçe günläp dowam etdi. Dürli maslahatlar, wagyz-nesihat
duşuşyklary, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň, ýokary we orta
hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň,
türgenleriň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar,
welosipedli ýörişler biri-birine ulaşyp, olar ýurdumyzyň sagdynlygyň,
ruhubelentligiň, sportuň mekanydygyny nobatdaky gezek aýan etdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä saglyk gününiň
jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmakda, bedenterbiýäni
we sporty ösdürmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Bu ajaýyp hakykata Bütindünýä saglyk
gününde — 7-nji aprelde geçirilen giň gerimli çäreleriň mysalynda has-da aýdyň
göz ýetirmek boldy. Şol gün welaýatymyzyň çar künjegi
baýramçylyk keşbine beslendi. Welaýat derejesindäki esasy çäreler bolsa
Balkanabat şäherinde geçirilip, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň, şeýle-de köpugurly
sport toplumynyň öňündäki meýdançalarda ir säherden ýaňlanyp başlan aýdym-sazyň
şirin owazy kalplary özboluşly ruhubelentlige besledi. Sungat ussatlarynyň uly
joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda eziz Watanymyza egsilmez söýgi,
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk beýik işlerine çäksiz buýsanç, Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň, saglygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň waspy öz
beýanyny tapdy. Türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren
görkezme çykyşlaryna, welaýatymyzyň ussat türgenleriniň ýaryşlarda gazanan
sylaglarynyň sergisine hem uly höwes bilen tomaşa edildi.
Bütindünýä
saglyk gününiň esasy çäresine — köpçülikleýin welosipedli ýörişe «Türkmeniň ak
öýi» binasynyň ýanyndan badalga berildi. Welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň
wekilleriniň, bagtyýar talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda guralan köpçülikleýin
welosipedli ýöriş sportuň bu görnüşini dünýäde wagyz etmekde hem-de
ýaýbaňlandyrmakda aýratyn işjeňlik görkezýän ýurdumyzda onuň meşhurlygynyň
barha artýandygyny nobatdaky gezek görkezdi.
Ençeme kilometr uzaklyga guralan ýörişiň geçýän ugrunda aýdym-sazlar belentden ýaňlanyp, sportuň birnäçe görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, sport maşklary giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Umuman, ýokary ýokary ruhubelentlikde geçen köpçülikleýin welosipedli ýöriş sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp zamanamyzda tutuş jemgyýetimizi gurşap alandygynyň subutnamasy boldy.