Habarlar

Ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar

01.04.2025

Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra hema­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçiren dabaraly maslahaty ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ýaş nesilleri ýetişdirmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalar dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda giň gerimli işler dowam etdirilýär. Dört ýyl mundan ozal döredilen Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow adyn­da­ky Howan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­ türkmen sahawatlylygyndan, haýyr işlerden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde gaznanyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar edildi. Gazna tarapyndan ýurdumyzyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýörite awtoulaglaryň sowgat berilmegi has-da buýsandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda ynsanperwer däp-dessurlarymyzyň, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

Çagalara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy dabaranyň täsirli pursatlaryna öwrüldi. Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda terbiýelenýän çagalaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Çagalaryň parahat Watanymyzy, bagtly çagalygy wasp edýän aýdymlary, halk ertekilerinden janlandyran keşpleri dabara aýratyn bezeg berdi.