Habarlar
17.05.2022

Türkmenbaşy etrabynda Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin niýetlenen täze döwrebap köpri ulanylmaga berildi. Welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen köpriniň açylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslendiTürkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp açylan täze köpriniň gurluşyk işleri Balkan awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň awtomobil ýollary gurmak we ulanmak boýunça gözegçilik edarasynyň buýurmasy boýunça Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň köpri gurluşyk müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Balkan ýol gurluşyk müdirliginiň, «Balkanenergogurluşyk» dolandyryş edarasynyň hünärmenleri hem bu işe mynasyp goşantlaryny goşdular.

Döwrebap köpriniň uzynlygy 60 metre, ini 32,5 metre, beýikligi bolsa 11 metre deňdir. Ikitaraplaýyn gatnawly köpriniň her tarapynyň ini 13,25 metre deň bolup, her tarapdan bir wagtda ulaglar üç hatar boýunça hereket edip bilerler. Wealaýatymyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazlar, tanslar bilen bezän açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly kämil durmuş ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Köpriniň üstünden ilkinjiler bolup, aýdym-sazlaryň şowhuny astynda nika toýuny tutýan juwanlary hem-de täze dünýä inen bagtyýar çagajygy alyp gelýän ulaglar geçdiler.

17.05.2022

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň jahankeşdeleriniň gyzyklanma bildirýän künjegi bolup, onda ünsüňi özüne çekýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän dynç alyş we sagaldyş, myhmanhana, sport toplumlarynyň ençemesi bar. Tapgyrma-tapgyr gurlup, halkyň hyzmatyna berlen şol kaşaň binalar Hazaryň türkmen kenaryny jenneti mekana öwürdi. Sanaýmalyja ýyllaryň içinde bu ýerde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän hem-de milli binagärlik usullarynyň sazlaşygyndan dörän binalar ertekiler dünýäsini ýadyňa salýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanyp, 1-nji sentýabryna çenli dowam eder. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gözel Awazada raýatlarymyzyň ýokary derejede dynç almaklary üçin ähli amatlyklar üpjün edildi. Gözelligi kalplara şugla saçýan, syýahatçylygyň merjeni Awaza ýene-de gujagyny giňden açar. Oňa ýene-de ähli ýerlerden myhmanlar geler. Bu künjekde eşretli döwrümizde eziz Diýarymyzyň bagtyýarlygyň mekanydygyny subut edýän çäreler biri-birine ulaşar. 

16.05.2022

15-nji maýdan başlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümi başlandy. Möwsüm 1-nji sentýabra çenli dowam eder. «Awazada» dynç alyş möwsümini geçirmek isleýän raýatlar öňünden onlaýn tertipde özleriniň dynç aljak myhmanhanalaryndan ýa-da kottejlerinden ýer belläp (bronlap) bilerler. Munuň üçin olar awaza.gov.tm web saýtyndan işjeň peýdalanyp bilerler. Raýatlar web saýtyna girip, oňa öz telefon belgilerini, ýa-da elektron poçtalarynyň adresini girizip, web saýtyň baş sahypasynda dynç aljak myhmanhanasyny ýa-da kottejini saýlap, oňa dynç aljak senesini we adam sanyny, şeýle-de özüne gerekli otag bilen bagly maglumatlary girizmeli.

15.05.2022

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody yzygiderli gämi gurmak üçin taslamalary amala aşyrmaga azyndan 7 — 10 ýyl tejribesi bolan, şeýle-de ýokary bilimli we ýokary hünär derejesi bolan daşary ýurtly we ýerli inženerler hem-de hünärmenler üçin iş ornunyň bardygyny yglan edýär. Bu wezipelerde zähmet çekjek hünärmenleriň zähmet haklary şertnama esasynda daşary ýurt walýutasynda amala aşyrylar. Bildirişde bellenilişi ýaly, tasmalany ýerine ýetirmek üçin işe kabul ediljek hünärmenler iýmit we ýatak jaýy bilen üpjün ediler.

Işe girmek isleýän daşary ýurtly we ýerli hünärmenler şu aşakdaky salgy boýunça habarlaşyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam köçesiniň 8-nji jaýy.

Telefon belgileri:

  • (+993 243) 4-94-41,
  • (+993 243) 4-94-43,
  • (+993 243) 4-94-46.

Fax: (+993 243) 4-95-42.

E-Mail: info@balkanshipyard.com.tm, www.balkanshipyard.com.tm

14.05.2022

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary Akpatlawuk, Kemer, Keýmir, Ekerem, Altyguýy, Goturdepe, Uzynada ýaly nebitgazly meýdançalardaky gözleg-barlag we ulanyş maksatly guýularda burawlaýyş işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Täze nebitgaz ýatagy bolan Porsy meýdançasyndaky 4-nji guýuda burawlaýyş işlerini alyp barmak hem şu müdirligiň burawlaýjylaryna ynanyldy.

Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän nebitgaz känleriniň köpüsiniň atlarynyň bu ýerdäki läbik wulkanlar bilen baglanyşykly bolmagy tötänden däldir. Sebäbi şeýle wulkanlar Zemin jümmüşindäki nebitiň we gazyň güýçli basyşy esasynda döräp, olar ýerasty baýlyklaryň alamaty bolup durýar. Porsy meýdançasynyň ady hem şu ýerdäki läbik wulkanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Türkmen geologlarynyň çaklamalaryna görä, bu meýdançada nebitgazly önümli gatlaklar heniz doly açylmadyk hasaplanylýar. Taslama çuňlugy 3250 metr bolan täze guýy Hytaýda öndürilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kuwwatly buraw desgasy bilen gazylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny zähmet üstünliklerine besle-megi maksat edinip işleýän, tejribeli ussa Amangeldi Mämmedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparyň burawlaýjylary eýýäm 1600 metr çuňluk burawlamagyň hötdesinden geldiler.