Datly-datly miweler

Magtymguly etrabynyň Sumbar we Çendir jülgeleri nar agaçlaryny ylmy esaslara
daýanýan köpýyllyk tejribeler arkaly ösdürip ýetişdirmekde meşhur künjekdir. Dag
derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri
Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Etrabyň kärendeçi bagbanlarynyň, telekeçileriniň
irginsiz tagallalary netijesinde bu miwe köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Oba
ýaşaýjylarynyň şahsy melleklerinde, şeýle hem kärendesine alnan ýerlerde giňden ösdürilip
ýetişdirilýän naryň her bir görnüşi biri-birinden gabygynyň galyňlygy, dänesiniň gaty-
ýumşaklygy, miwesiniň turşulygy, süýjüligi, tagamlylygy, yssa, sowuga hem-de kesellere
durnuklylygy boýunça tapawutlanýarlar. Beýikligi adatça 2-3 metrden hem geçýän nar
agaçlarynyň her bir düýbüniň hasyllylygy görnüşlerine görä 20 kilogramdan 70 kilograma
çenli baryp ýetýär. Nar miweleriniň käbir aýratyn saýlanyp alnan görnüşleriniň her biriniň
agramy bolsa 500-600 grama deň gelýär.
Häzirki wagtda etrabyň kärendeçi bagbanlary bitginli nar hasylyny ýygmak işlerini
guramaçylykly alyp barýarlar. Ýetişen miweleri ýygnap almagyň häzirki depgini etrap
boýunça «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda nar miwesini ýygnap almak baradaky
wezipäniň abraý bilen berjaý ediljekdigine güwä geçýär.
Şu ýylda etrabyň kärendeçi bagbanlarydyr telekeçileri dürli miweleriň: almadyr
armydyň, şetdalydyr garalynyň, erikdir üzümiň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Ýylyň
başyndan bäri etrap boýunça ýüzlerçe tonna dürli miweler ýygnalyp, satuwa ugradyldy.