Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hormatly işgärleri!
Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň
diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara
gatnaşyklar ulgamynda mynasyp üpjün edýän we goraýan ýurdumyzyň
diplomatik gullugynyň işgärleri öňde goýlan belent wezipeleri
talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz we döredijilikli zähmet
çekýärler. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda hem
döwletimiziň halkara abraýyny we oňyn täsirini güýçlendirmek üçin
ýetilmeli sepgitler kesgitlenildi. Aýratyn hem sebit we halkara
gatnaşyklarda syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmekde siziň mynasyp
goşandyňyzy goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.
Hormatly diplomatlar!
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden başlap, halkara
gatnaşyklarda we daşary syýasatda bitaraplyk, deňhukuklylyk we
hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen
ýyllaryň dowamynda döwletimiziň daşary syýasaty Türkmenistanyň milli
bähbitlerine we Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy maksatlaryna
doly laýyk gelýändigini iş ýüzünde subut etdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek
ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça
sebit merkeziniň açylmagy we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen
netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylygy dörediji güýjüniň
aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär.
Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleriniň we ählumumy häsiýete eýe
bolan başlangyçlarynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş
ulgamyndaky möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi
döwletimiziň bu abraýly gurama bilen strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli
mazmuna eýediginiň nyşanydyr.
2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen
«Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň,
durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň barşynda
ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara giňişlikdäki ähmiýetini
has-da artdyrjak «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze başlangyç
beýan edildi. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde çuňňur
mazmunly bu teklip dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýar. Bu
bolsa Bitaraplygyň mizemez ýörelgeleriniň dünýä ýurtlarynyň arasynda
parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň has-da kämilleşdirilmegine
itergi berýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri!
Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň üstünlikli
amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda energetika,
ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl» ykdysadyýet,
medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ähmiýetli ugurlarda iri halkara
taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär.
Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak
ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak
möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara
giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň döredilmegine
gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejelerde syýasy
diplomatik, halkara hukuk we söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli
gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap
bildirilýär.
Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň
daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi
arkaly bütin adamzat dünýäsiniň gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge çagyrýan
nusgalyk syýasatymyzyň giňeldilmegine, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende
göterilmegine işjeň gatnaşjakdygyna ynanýaryn.
Ýurdumyzyň milli bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramakda we halkara
gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny artdyrmakda döwletimiziň
diplomatik gullugynyň öňde goýlan möhüm wezipeleri ýokary derejede
ýerine ýetirjekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly diplomatik gullugyň işgärleri!
Size berk jan saglyk, abadançylyk we döwletimiziň milli bähbitlerini
goramak hem-de dünýä derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda
alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.