Habarlar

AFK ýaşlaryň arasynda Aziýanyň Kubogy-2022 ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň duşuşyklarynyň senesini yglan etdi

18.02.2022

Aziýa futbol konfederasiýasy futbol boýunça ýaşlaryň arasynda 2022-nji ýylyň 1-nji iýundan 19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriljek 16 ýygyndynyň gatnaşmagynda 5-nji (U-23) Aziýanyň Kubogy-2022 ýaryşdaky oýunlaryň senesini yglan etdi.

AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýän edarasynda bije çekişlige laýyklykda, Türkmenistanyň ýygyndysy «A» toparda Özbegistanyň, Eýranyň we Kataryň ýygyndylary bilen duşuşar.

Ildeşlerimiz birinji oýnunda 1-nji iýunda meýdança eýeleri özbegistanlylar bilen duşuşarlar. Ol Daşkendiň «Pahtakor» stadionynda geçirler, oýun Aşgabat wagty bilen sagat 20.00-da başlanar.

Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy 2013-nji ýyldaky birinji ýaryşdan başlap, (U-23) Aziýa çempionatlarynyň ählisine gatnaşdy. Ol 2018-nji ýylda jemleýji oýunda goşmaça wagtda Wýetnamyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utup, ilkinji gezek Aziýanyň çempiony bolup, iň ýokary netije gazandy.

Ikinji tapgyrda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy 4-nji iýunda Daşkendiň «Bunýodkor» stadionynda Eýranyň ýygyndysy bilen bäsleşer. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 18.00-da başlanar. Ýygyndymyz 7-nji iýunda toparlaýyn jemleýji oýunda Kataryň ýygyndysy bilen duşuşar. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 20.00-da başlanar.

Her topardan güýçli iki ýygyndy çärýek finala çykar. Türkmenistanyň ýygyndysy ¼ finala çykan ýagdaýynda, ol «B» toparda Awstraliýa, Iordaniýa, Yrak, Kuweýt ýaly ýygyndylaryň biri bilen duşuşar.

Ýaşlaryň arasynda Aziýanyň Kubogy-2022 ýaryşynda milli ýygyndymyzy 42 ýaşly belli futbol hünärmeni Ahmet Agamyradow taýýarlar, onuň ýolbaşçylygyndaky ýygyndymyz Ammanda geçirilen saýlama oýunlarda üstünlik gazandy. Ildeşlerimiz birinji duşuşykda Iordaniýanyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda utulsa-da, palestinaly futbolçylardan 3:1 hasabynda üstün çykyp, saýlama toparlarda ikinji orny eýelän güýçlüleriň dörtlüginiň hataryna düşdi.

Daşkentde geçiriljek ýaşlaryň arasynda Aziýanyň Kubogy-2022 ýaryşy hem saýlama ýaryşdyr. Final ýaryşyň jemi boýunça güýçli üç ýygyndy 2024-nji ýylyň Pariž olimpiadasynda Aziýa wekilçilik etmäge hukuk gazanar.