Habarlar

Keşdeçileriň bäsleşigi

29.09.2023

Welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, ol türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli guraldy.

Bäsleşige gatnaşan gelin-gyzlar onuň şertlerine laýyklykda, keşde çekmäge taýýarlyk görüşleri barada gürrüň berdiler. Bellenen wagtyň dowamynda keşde çekip, saýlap alan nagyşlarynyň waspyny çeper beýan etdiler. Özleriniň dürli nagyşlar bilen sünnälän milli lybaslaryny geýnip, keşdeleriň taryhyny açyp görkezýän rowaýatlary gürrüň berdiler, keşdeleri goşgularyň we gazallaryň üsti bilen tarypladylar.

Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy Gurbangül Esenowa, Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Balkanabat şäher şahamçasynyň baş hünärmeni Gülmira Mämmedowa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Näzgül Annagulyýewa bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler we onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.