Habarlar
26.06.2026

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň dabaraly çäreleri welaýatymyzda giň gerime eýe bolýar. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda buýsanç bilen waspyny ýetiren Dehistan ýaýlasy hem gadymyýetde kerwen ýollarynyň geçen mekanydyr. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde bu ýerde, ýagny «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň häzirki zaman usullary» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzda taryhy we medeni ýadygärlikleri goramaga, öwrenmäge hem-de rejelemäge uly ünsüň berilýändigini aýdyň görkezdi. Öwredijilikli häsiýete eýe bolan meýdan şertlerindäki maslahatda ýurdumyzyň belli alym arheologlary, hünärmenleri, taryhçylary welaýatymyzyň çäklerinde saklanyp galan arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ýerine ýetirilen işler, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdylar. Döredijilik forumyna gatnaşanlar ata Watanymyzyň geçmişini taryhy-medeni ýadygärlikleriň üsti bilen öwrenmekde ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýtdylar.

25.06.2026

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Medeniýet hepdeligine gatnaşýan döredijilik işgärleriniň Hazar deňzinde gämili gezelenji guraldy. Ilki bilen, döredijilik işgärleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gezelenç etdiler. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň tanslary bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady. Döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda guralan täsirli söhbetlere, aýdym-sazlara beslenen gämili gezelenje gatnaşanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel görnüşini, tebigatyň aýratynlyklaryny, gojaman deňziň giňişliklerini höwes bilen synladylar, ajaýyp görnüşlerden lezzet aldylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň mertlik, watançylyk, kalby päklik, tebigata söýgi, rehimdarlyk, ula-kiçä hormat goýmak, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly pikirler öňe sürülýän şygyrlarynyň okalmagy gezelenjiň many-mazmunyny hasam artdyrdy. Joşgunly gazallarda, küştdepdilerde ýurdumyzyň ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň waspy belentden-belent ýaňlandy.

24.06.2026

Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde geçirilen konserti Medeniýet hepdeliginiň dabaraly çäreleriniň üstüni ýetirdi. Welaýatymyzyň  we daşoguzly sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary belentden ýaňlanyp, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Baý mazmunly konsert maksatnamasy welaýatlaryň medeniýetiniň, aýdym-saz sungatynyň ýeten derejesini görkezdi.  Medeniýet  we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan beýik işleriň, baky bagtyýarlygymyzyň we berkararlygymyzyň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň waspy ýetirildi. Folklor we tans toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýokary joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryň beýanyna öwrüldi.

23.06.2026

Welaýatymyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çäreler biri-birine utgaşýar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen «Muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hem-de muzeý gaznasyny baýlaşdyrmagyň tejribesi» atly muzeý hünärmenleriniň usuly maslahaty hem täsirli boldy. Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklaryny aýawly saklamak, dikeltmek, goramak, ylmy taýdan öwrenmek we giňden wagyz etmek hem-de olaryň üstüni ýetirmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler, muzeý işini kämilleşdirmek babatda tejribe alyşdylar. Muzeýiň bölümlerine aýlanyp, bu ýerde saklanýan gymmatlyklar, ýurdumyzyň günbatar sebitiniň taryhy we medeni aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren  ajaýyp sazlary çärä aýratyn öwüşgin berdi.

23.06.2026

Welaýat merkezindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti Medeniýet hepdeligine bagyşlanan dabaralaryň üstüni ýetirdi. Aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Döredijilik toparlaryny, aýdymçylary bir ýere jemlän joşgunly konsert milli aýdym-saz sungatymyzyň dürli žanrlara baýdygyny, milli medeniýetimiziň täze mazmun bilen has-da baýlaşýandygyny açyp görkezdi.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda ösüşlerlere beslenýän ýylymyzyň, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň waspy ýetirildi.