Hormatly
Prezidentimiziň ak patasy bilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň
gününiň öňüsyrasynda welaýatymyzda möhüm
desgalaryň düýbi tutuldy we ulanyşa berildi. Bu dabaralara Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň gatnaşmagy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda ýokary ruhubelentlik we
çuňňur hoşallyk duýgularyny döretdi. Welaýat häkimliginiň
mejlisler jaýynda «Alkyş size, şöhrat
Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» ady bilen geçirilen hoşallyk maslahaty
munuň şeýledigini aýdyň görkezdi. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň
gatnaşmagynda geçirilen maslahatda möhüm desgalaryň ähmiýeti dogrusynda aýratyn
durlup geçildi.
Bilşimiz ýaly,
geçen ýekşenbe güni Türkmenbaşy etrabynyň çäginde karbamid öndürýän toplumyň
gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň
Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda
agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän
awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu
desgalaryň ýurdumyzyň himiýa senagatyny, ýol-ulag düzümini ösdürmekde, haryt
dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini artdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
gowulandyrmak bilen, halkyň arassa agyz suwuna bolan islegini kanagatlandyrmakda
ähmiýeti uludyr. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça badalga
berlen maksatnamalaryň, özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe giň gerimde durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Dabaraly
hoşallyk maslahatynda şular barada giňişleýin söhbet edildi hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Welaýatymyzyň
medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn bezeg berdi.
Joşgunly aýdym-sazlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa
geçirilýän tutumly işleriň, gazanylýan beýik ösüşleriň, dost-doganlygyň,
parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi.
Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly
bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak
öýi» binasynda geçirilen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan
zenanlar gatnaşdylar.
Halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň biri bolan
türkmen keşdeçilik sungatynyň, milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň dünýä
ýüzünde dabaralanmagyna mynasyp goşandyny goşýan gelin-gyzlaryň bu el hünärini
wagyz etmegi maksat edinen bäsleşigiň birinji şertinde oňa gatnaşyjylar ady
äleme dolan keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlaryny beýan edip, keşde
çekmekde ilkinji taýýarlyk işlerini ýerine ýetirdiler, el işleriniň sergisini
guradylar. Ikinji şertinde bolsa saýlap alan nagyşlaryny çeper sözde wasp
etdiler. Jemleýji şert has-da täsirli bolup, onda zenanlar öz elleri bilen
tiken, keşdelän lybaslaryny geýnip, milli keşde-nagyşlarymyzy goşgularyň,
rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen wasp etdiler.
Netijede, Magtymguly etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Şirin Alymowa
we Bereket etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Altyn Sähedowa birinji,
Balkanabat şäherindäki 18-nji çagalar bakja-bagynyň tans goýujysy Jumasoltan
Atabaýewa we 33-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Bibiselime
Çakanowa ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Bägül Batyrowa we
Esenguly etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Gülruh
Gurbanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde birinji orny eýelänler
onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy
mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik
wekilhanasynyň, welaýat häkimliginiň hem-de welaýat bedenterbiýe we sport
baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda marafon ýaryşy geçirildi.
«Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylyk we durnukly ösüşe tarap batly gadam»
ady bilen 5 kilometr aralyga guralan marafon ýaryşynyň dört tapgyrda
geçirilmegi oňa dürli kärdäki, dürli ýaşdaky raýatlaryň gatnaşmaklaryny üpjün
etdi. Ýaryş başlanmazyndan öňinçä bu ýerde aýdym-sazly dabara guralyp, onda
ajaýyp zamanamyzyň, dost-doganlygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň waspy
belentden ýetirildi. Türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça
ýaýbaňlandyran görkezme çykyşlary hem täsirli boldy. Soňra tomaşaçylaryň
şowhunly goldawy astynda ýaryşlara badalga berildi.
Uly ýaşly
erkekleriň arasynda guralan marafon ýaryşynda birinji orny Türkmenbaşy
şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Şyhberdi Ezizow
eýeledi. Ýetginjekleriň arasynda bolsa şeýle netijäni Türkmenbaşy şäherindäki
2-nji sport mekdebiniň türgeni Jumanyýaz Jumanyýazow görkezdi.
Aýal-gyzlaryň
arasynda geçirilen ýaryşda pellehana ilkinji bolup Gyzylarbat etrabyndaky 2-nji
sport mekdebiniň tälimçisi Aleksandra Gurbanýazowa gelmegi başardy. Ýaş
gyzlaryň arasynda bolsa Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň türgeni Nagiýa
Ahmedowa taý tapylmady.
Ýaryşlarda ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda medallar we sowgatlar gowşuryldy.
Halkara «Türkmen
alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkezinde geçirilen aýdym-sazly
dabara Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlandy. Oňa itşynaslar, edara-kärhanalaryň
hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak
saçly eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde birkemsiz bezelen alty
ganat ak öýlerde toý supralary giňden ýazyldy. Bagşy-sazandalaryň ýerine
ýetiren aýdym-sazlary, ýaýbaňlandyrylan
amaly-haşam, el işleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, toý
gazanlarynda taýýarlanylan milli tagamlar, buýsanjymyz, guwanjymyz bolan alabaý
itleriniň gezelençleri baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyryp, halkymyzyň şu
gününiň we geljekki rowaçlyklarynyň çeper beýanyna öwrüldi.
Ajaýyp zamanamyzda dünýäde uly gyzyklanma eýe
bolan, daş keşbi we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden tapawutlanýan
alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýolunyň dowam etdirilip,
nesilden-nesle geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi baradaky söhbetlere dabarada
giň orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly eseriniň
alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we ösdürip ýetişdirmek bilen
bagly alnyp barylýan işlerde taýsyz gymmatlyk bolup durýandygy aýratyn
nygtaldy. Berkarar Watanymyzy ak ýollardan okgunly öňe alyp barýan, halkymyzyň
bagtyýar, eşretli durmuşy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Dabaranyň dowamynda welaýatyň sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ata Watanymyzy, bagtyýar durmuşymyzy, edermen türkmen alabaýyny wasp edip ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Welaýatymyzda
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli
geçirilen dabaralar uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Mollagara şypahanasynda
geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresine saglygy goraýyş işgärleri, dürli
ulgamyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de talyp ýaşlar
gatnaşdylar.
Baýramçylyk
çäresinde edilen her bir çykyşyň özenini raýatlaryň saglygyny goramakda dünýä
nusgalyk uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri düzüp, olarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş
ulgamynda hem-de derman senagatynda gazanylýan ösüşler barada giňişleýin aýdylyp
geçildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öňe sürlen il-ýurt
bähbitli maksatnamalara, şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda,
milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň düýpli özgertmelere eýe bolandygy
hakynda giňişleýin gürrüň edilip, halkymyzyň sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagy
üçin taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň
janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Çäre
welaýatyň sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň çykyşlary bilen dowam etdi.
Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar joşgunly tanslar bilen utgaşyp, olarda ata Watanymyzyň,
täze taryhy eýýamymyzyň, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň
waspy belentden ýetirildi. Soňra çärä gatnaşanlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan
sergini synladylar. Sergi ýurdymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ajaýyp zamanamyzda
gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, öňdebaryjy usullardyr hyzmatlar
bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Çäräniň
ahyrynda welaýatymyzyň öňdebaryjy saglygy goraýyş we derman senagaty
işgärlerine Hormat hatlary we baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda
gowşuryldy.