Habarlar
07.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze taryhy eýýamda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şatlyk-şowhun bilen geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri bu hakykatyň aýdyň dabaralanmasydyr. Syýahatçylyk zolagyny baýramçylyk ruhuna beslän çärelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan çagalar, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar, şeýle-de Russiýa Federasiýasyndan gelen mekdep okuwçylary  gatnaşýarlar. Russiýaly çagalar şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda birinji orny eýeläp, gözel Awazada dynç almak bagtyna eýe boldular. Olara gazanan üstünlikleri üçin gymmatbahaly sowgatlar, şeýle-de ady agzalan haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç almak üçin 10 günlük ýollanmalar gowşuryldy.

         «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň ilkinji gününde «Arkadagyň sahawaty —  ömürleriň çyragy» ady bilen dynç alyş tapgyrynyň aýdym-sazlara beslenen açylyş dabarasy dürli çäreleriň badalgasyna öwrüldi. Çagalaryň Türkmenbaşy şäherindäki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, «Salkyn kenar» seýilgähinde bolmaklary olarda unudylmajak täsirleri galdyrdy. Sportuň ýeňil atletika, küşt, şaşka, düzzüm, kenarýaka woleýboly, stol tennisi, tanap çekmek görnüşleri, türkmen milli oýunlary boýunça geçirilen ýaryşlar, «Kim çalasyn? Kim çakgan?» atly hereketli oýunlaryň bäsleşigi çagalaryň sporta söýgüleriniň, höwesleriniň egsilmezdigini görkezdi.

Syýahatçylyk zolagynyň içi bilen birnäçe kilometre uzalyp gidýän Awaza derýasynda gämili gezelenç, «Gämiler dünýäsi» muzeýiniň täsinlikleri bilen tanyşmak, gämili Hazar deňzine guralan gezelenç, «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» seýilgähleriniň, «Awaza» akwaparkynyň, interaktiw suw çüwdürimler toplumynyň gözellikleri çagalaryň hakydalarynda hemişelik galar diýip, ynam bilen aýtsa bolar.

 Medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň dowamynda guralan «Biz Watan buýsanjy — bagtly çagalar», «Dil bilen dünýäni gezer», «Awazanyň tolkuny — göwünleriň ylhamy», «Hünärim bar — hormatym bar», «Hünär ussatlygy — kämilligiň kepili», «Zehinlileriň meýdançasy», «Tebigat gözelligi — ülkämiziň bezegi» ýaly dürli çäreler çagalaryň sungatdaky, döredijilikdäki tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardy. Şowhunly aýdym-sazlar, sirk artistleriniň çykyşlary, döredijilik işgärleri bilen guralan duşuşyk dynç alýan çagalar üçin täsirli çäreleriň hataryny artdyrdy. «Alkyş Size, şöhrat Size, Howandar Arkadagymyz! Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen guralan söhbetdeşlikde bolsa ýaş nesil hakynda uly aladalary edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri öwran-öwran dile getirildi.

30.07.2024

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda  höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylyga hem-de uly joşguna beslendi. Bäsleşik Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirildi hem-de ýaşlara ussatlygyny, ukyp-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşige gatnaşyjy ýaş höwesjeň aýdymçylar gezekli-gezegine sahna çykyp, onuň şertleri esasynda estrada, halk we nusgawy aýdymlary ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigatymyzyň taýsyz gözellikleriniň waspy joşgunly beýanyny tapdy. Bu çykyşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli  medeniýetimiziň we sungatymyzyň sazlaşykly ösýändiginiň, aýdym-saz sungatymyzyň döwrebap kämilleşmegine goşant goşjak zehinli, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.

         Ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden, aýdymçylaryndan düzülen eminler topary «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşigiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyryna gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik başarnyklaryna, sahna ussatlyklaryna, ukyplaryna baha berdiler hem-de ýeňijileri kesgitlediler. Şeýlelikde, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Guwanç Toýçyýew hem-de  Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy Hally Babaýew ýeňijiler diýlip yglan edildiler we bäsleşigiň ýurdumyz boýunça geçiriljek jemleýji tapgyryna  gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

24.07.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýokary derejeli «Gämi» myhmanhanalar toplumy we sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şat we sapaly, ýatda galyjy geçirmekleri üçin uly aladalar edilýär. Çagalar medeni çärelere, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar, özlerini gyzyklandyrýan güýmenjeleri bilen meşgul bolýarlar. Merkezde gyzyklanmaga zat köp. Çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde oýun oýnamak, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zaly, kompýuter otagy, gurnaklar, kitaphana hereket edýär. Bu bolsa çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.

Merkezde dynç alýan çagalaryň aň taýdan kämilligini artdyrmakdan daşgary, olaryň fiziki işjeňligini gazanmak maksady bilen bedenterbiýe we sport çärelerine yzygiderli üns berilýär. Tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. «Türkmen milli oýunlary» ady bilen çagalaryň arasynda milli oýunlarymyzyň dürli görnüşi boýunça bäsleşikler örän täsirli geçýär. «Kim çalasyn?» oýnuna gatnaşýan körpeler özleriniň çakganlygyny, çalasynlygyny, çeýeligini görkezýärler. Milli göreş boýunça ýaryşda ýaş pälwanlar başarnyklaryny ýüze çykarýarlar. «Çalt pikirlenmegi başar!» atly küşt, şaşka boýunça geçirilýän ýaryşlaram körpeleri özüne çekýär.

Merkezde dynç alýan çagalar diňe bir sport däl, eýsem, döredijilik bäsleşiklerine hem höwes bilen gatnaşýarlar. «Arzuw — dostluk mekany», «Bagtyýar çagalyk», «Tebigat gözelligi» atly surat bäsleşiklerinde çagalar asfaltyň ýüzünde mawy asmany, aňyrsyna göz ýetmeýän deňzi, erkana ýüzýän gämileri, sapaly kenary şekillendirdiler. «Ýaşajyk heýkeltaraş» atly bäsleşikde çyg çägeden dürli şekilleri ýasadylar. Bäsleşiklerde öňe saýlanan çagalara sowgatlar gowşuryldy. 

24.07.2024

Galla hasylyny senagat taýdan gaýtadan işlemekde «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmen toplumynda sazlaşykly işler alnyp barylýar. Ýyllyk önümçilik kuwwaty 50 müň tonna çenli un öndürmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman kärhanasynda däne saklamak üçin niýetlenilen ammar-çelekleriň 6-sy bolup, olaryň her biriniň göwrümi 8 müň 333 tonna deňdir. Munuň özi kärhanada, umumylykda alanyňda, birwagtda 50 müň tonna barabar galla hasylyny talaba laýyk saklamak üçin şertleriň döredilendigini tassyklaýar.

 Kärhanada önümçilik bölüminiň, elektrik bekediniň, suw arassalaýjy desganyň, däne ýükläp-düşürmäge niýetlenilen bölümiň, ammar jaýlarynyň, döwrebap edara binasynyň, arassaçylyk-durmuş gullugy binasynyň, suw, elektrik, lagym geçirijileriniň gurulmagy işleriň sazlaşykly we netijeli alnyp barylmagyny şertlendirýär. Kärhana awtoulag ýoly bilen birlikde, demir ýol şahasynyň hem gelmegi ýygnalýan galla hasylyny bökdençsiz kabul etmekde hem-de öndürilýän önümleri sarp edijilere yzygiderli ugratmakda wajyp ähmiýete eýedir.

Degirmen toplumynda häzirki günlerde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla hasylyny gaýtadan işläp, olardan un hem-de mallar üçin niýetlenen önümleri öndürmekde netijeli zähmet joş urýar. Munuň şeýledigine ýylyň geçen hasabat döwründe iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan 14 müň 508 tonna derek 19 müň 370 tonna dänäniň üwelmegi hem şaýatlyk edýär. Kärhana bu babatda öňde goýlan iş meýilnamasyna 134 göterim hötde gelmegi başardy. Geçen döwürde gaýtadan işlenilen şonça möçberdäki galladan alnan unuň 4 müň 843 tonnasy ýokary, 9 müň 685 tonnasy bolsa birinji sortly una degişli boldy.

09.07.2024

Çagalar tomusky dynça alyş möwsümini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şatlyk-şowhunda, ýokary ruhubelentlikde geçirýärler. Munuň özi çagalaryň bagtyýarlygy üçin ýurdumyzda ägirt uly aladalaryň edilýändigini görkezýär.

Şypahana zolagyndaky döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde doly derejede dynç almak üçin döredilen şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaş nesliň her bir güni olar üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Merkezlerde çagalaryň oýun oýnamaklary üçin niýetlenilen ýörite oýun otaglary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, kitaphanalar, el iş gurnaklary, şekillendiriş otaglary ýaş nesliň hyzmatynda. Şunuň ýaly mümkinçilikler nurana geljegimiz bolan çagalaryň tebigy zehin-ukyplaryny ýüze çykarmaga, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmäge, döredijilige ugrukdyrmaga şertleri üpjün edýär. Şeýle mümkinçiliklerden hem çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň ýatdan çykmajak täsirli pursatlary başlanýar. Welaýat hem-de Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň birleşen tagallalary bilen çagalaryň ýokary işjeňlik bilen gatnaşmaklarynda biri-birine ulaşýan dürli çäreler bolsa şeýle ýakymly pursatlaryň üstüni ýetirýär. Türkmenbaşy şäheriniň hem-de milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeklerinde zehinli çagalaryň aýdym-sazly çykyşlarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň guralmagy diňe bir zehinli çagalary ýüze çykarmaga itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň sungata bolan höwesini artdyrýar. Deňiz giňişligine hem-de Awaza derýasyna guralýan gämili gezelençler dynç alýan çagalarda aýratyn täsir galdyrýan pursatlaryň biridir. Şeýle gezelençler çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen kemala gelen milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp gözelliklerini suw giňişliklerinden synlamaga mümkinçilik döredýär.

«Awaza» akwaparky, «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar», «Älemgoşar» ýaly oýun-attraksionly seýilgähler dynç alýan çagalaryň uly höwes bilen gelýän iň arzyly künjekleridir. Bu ýerlerde döredilen şertlerdir mümkinçilikler, ylmyň we tehnologiýanyň döwrebap gazananlaryna daýanýan dürli güýmenjeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesliniň ukyp-başarnygynyň artmagynda, gözýetiminiň giňelip, aň taýdan taplanmagynda, olarda çalasynlygy, ugurtapyjylygy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Mazmun taýdan biri-biriniň üstüni ýetirip, yzygiderli geçirilýän şeýle çäreler ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelip, bu ýerde tomusky dynç alyş möwsümini peýdaly geçirýän çagalara täsirli pursatlary peşgeş bermek bilen birlikde, olaryň kalbynda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyza çäksiz buýsanç, guwanç duýgularyny döredýär. Bagtyýar ýaş nesli birek-birek bilen ysnyşdyrýar, her bir çaganyň dostlarynyň hataryny artdyrýar. Munuň özi sapaly künjekde dynç alýan çagalaryň her bir gününi gurşap alýan dürli çäreleriň öňde goýýan esasy maksatlarynyň biridir. Şeýle çärelerden joş alýan çagalaryň şatlygy eziz Diýarymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylýan alkyşly sözleriň beýanyna öwrülýär.