Gözel Awazadaky ajaýyp günler
Çagalar tomusky
dynça alyş möwsümini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar
sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şatlyk-şowhunda, ýokary ruhubelentlikde
geçirýärler. Munuň özi çagalaryň bagtyýarlygy üçin ýurdumyzda ägirt uly
aladalaryň edilýändigini görkezýär.
Şypahana zolagyndaky döwrebap çagalar sagaldyş we dynç
alyş merkezlerinde doly derejede dynç almak üçin döredilen
şert-mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaş nesliň her bir güni olar üçin
ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenýär. Merkezlerde çagalaryň oýun
oýnamaklary üçin niýetlenilen ýörite oýun otaglary, bedenterbiýe we sport bilen
meşgullanmaklary üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary,
kitaphanalar, el iş gurnaklary, şekillendiriş otaglary ýaş nesliň hyzmatynda.
Şunuň ýaly mümkinçilikler nurana geljegimiz bolan çagalaryň tebigy
zehin-ukyplaryny ýüze çykarmaga, olary sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň
çekmäge, döredijilige ugrukdyrmaga şertleri üpjün edýär. Şeýle
mümkinçiliklerden hem çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsüminiň ýatdan çykmajak
täsirli pursatlary başlanýar. Welaýat hem-de Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň,
jemgyýetçilik guramalarynyň birleşen tagallalary bilen çagalaryň ýokary
işjeňlik bilen gatnaşmaklarynda biri-birine ulaşýan dürli çäreler bolsa şeýle
ýakymly pursatlaryň üstüni ýetirýär. Türkmenbaşy şäheriniň hem-de milli
syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeklerinde zehinli çagalaryň aýdym-sazly
çykyşlarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň guralmagy diňe bir zehinli çagalary
ýüze çykarmaga itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň sungata bolan
höwesini artdyrýar. Deňiz giňişligine hem-de Awaza derýasyna guralýan gämili
gezelençler dynç alýan çagalarda aýratyn täsir galdyrýan pursatlaryň biridir.
Şeýle gezelençler çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
tagallalary bilen kemala gelen milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp
gözelliklerini suw giňişliklerinden synlamaga mümkinçilik döredýär.
«Awaza» akwaparky, «Deňiz merjeni», «Jadyly kenar»,
«Älemgoşar» ýaly oýun-attraksionly seýilgähler dynç alýan çagalaryň uly höwes
bilen gelýän iň arzyly künjekleridir. Bu ýerlerde döredilen şertlerdir
mümkinçilikler, ylmyň we tehnologiýanyň döwrebap gazananlaryna daýanýan dürli
güýmenjeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesliniň
ukyp-başarnygynyň artmagynda, gözýetiminiň giňelip, aň taýdan taplanmagynda,
olarda çalasynlygy, ugurtapyjylygy terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Mazmun taýdan biri-biriniň üstüni ýetirip, yzygiderli
geçirilýän şeýle çäreler ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelip, bu ýerde tomusky
dynç alyş möwsümini peýdaly geçirýän çagalara täsirli pursatlary peşgeş bermek
bilen birlikde, olaryň kalbynda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyza
çäksiz buýsanç, guwanç duýgularyny döredýär. Bagtyýar ýaş nesli birek-birek
bilen ysnyşdyrýar, her bir çaganyň dostlarynyň hataryny artdyrýar. Munuň özi
sapaly künjekde dynç alýan çagalaryň her bir gününi gurşap alýan dürli
çäreleriň öňde goýýan esasy maksatlarynyň biridir. Şeýle çärelerden joş alýan
çagalaryň şatlygy eziz Diýarymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren Milli
Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylýan alkyşly sözleriň
beýanyna öwrülýär.