Habarlar

Gyzykly hem şatlykly günler

24.07.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýokary derejeli «Gämi» myhmanhanalar toplumy we sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şat we sapaly, ýatda galyjy geçirmekleri üçin uly aladalar edilýär. Çagalar medeni çärelere, dürli bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar, özlerini gyzyklandyrýan güýmenjeleri bilen meşgul bolýarlar. Merkezde gyzyklanmaga zat köp. Çagalaryň dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezinde oýun oýnamak, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zaly, kompýuter otagy, gurnaklar, kitaphana hereket edýär. Bu bolsa çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.

Merkezde dynç alýan çagalaryň aň taýdan kämilligini artdyrmakdan daşgary, olaryň fiziki işjeňligini gazanmak maksady bilen bedenterbiýe we sport çärelerine yzygiderli üns berilýär. Tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. «Türkmen milli oýunlary» ady bilen çagalaryň arasynda milli oýunlarymyzyň dürli görnüşi boýunça bäsleşikler örän täsirli geçýär. «Kim çalasyn?» oýnuna gatnaşýan körpeler özleriniň çakganlygyny, çalasynlygyny, çeýeligini görkezýärler. Milli göreş boýunça ýaryşda ýaş pälwanlar başarnyklaryny ýüze çykarýarlar. «Çalt pikirlenmegi başar!» atly küşt, şaşka boýunça geçirilýän ýaryşlaram körpeleri özüne çekýär.

Merkezde dynç alýan çagalar diňe bir sport däl, eýsem, döredijilik bäsleşiklerine hem höwes bilen gatnaşýarlar. «Arzuw — dostluk mekany», «Bagtyýar çagalyk», «Tebigat gözelligi» atly surat bäsleşiklerinde çagalar asfaltyň ýüzünde mawy asmany, aňyrsyna göz ýetmeýän deňzi, erkana ýüzýän gämileri, sapaly kenary şekillendirdiler. «Ýaşajyk heýkeltaraş» atly bäsleşikde çyg çägeden dürli şekilleri ýasadylar. Bäsleşiklerde öňe saýlanan çagalara sowgatlar gowşuryldy.