Işler sazlaşykly alnyp barylýar
Galla hasylyny senagat taýdan gaýtadan işlemekde
«Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp
obasyndaky degirmen toplumynda sazlaşykly işler alnyp barylýar. Ýyllyk
önümçilik kuwwaty 50 müň tonna çenli un öndürmäge mümkinçilik berýän häzirki
zaman kärhanasynda däne saklamak üçin niýetlenilen ammar-çelekleriň 6-sy bolup,
olaryň her biriniň göwrümi 8 müň 333 tonna deňdir. Munuň özi kärhanada,
umumylykda alanyňda, birwagtda 50 müň tonna barabar galla hasylyny talaba laýyk
saklamak üçin şertleriň döredilendigini tassyklaýar.
Kärhanada
önümçilik bölüminiň, elektrik bekediniň, suw arassalaýjy desganyň, däne
ýükläp-düşürmäge niýetlenilen bölümiň, ammar jaýlarynyň, döwrebap edara
binasynyň, arassaçylyk-durmuş gullugy binasynyň, suw, elektrik, lagym
geçirijileriniň gurulmagy işleriň sazlaşykly we netijeli alnyp barylmagyny
şertlendirýär. Kärhana awtoulag ýoly bilen birlikde, demir ýol şahasynyň hem
gelmegi ýygnalýan galla hasylyny bökdençsiz kabul etmekde hem-de öndürilýän
önümleri sarp edijilere yzygiderli ugratmakda wajyp ähmiýete eýedir.
Degirmen toplumynda häzirki günlerde «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla hasylyny gaýtadan işläp, olardan un
hem-de mallar üçin niýetlenen önümleri öndürmekde netijeli zähmet joş urýar.
Munuň şeýledigine ýylyň geçen hasabat döwründe iş meýilnamasynda göz öňünde
tutulan 14 müň 508 tonna derek 19 müň 370 tonna dänäniň üwelmegi hem şaýatlyk
edýär. Kärhana bu babatda öňde goýlan iş meýilnamasyna 134 göterim hötde
gelmegi başardy. Geçen döwürde gaýtadan işlenilen şonça möçberdäki galladan
alnan unuň 4 müň 843 tonnasy ýokary, 9 müň 685 tonnasy bolsa birinji sortly una
degişli boldy.