Welaýatymyzda 2023 — 2024-nji
okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilen «Soňky
jaň» dabaralary giň gerime eýe boldy. Baýramçylyk çäreleri welaýat merkezindäki
Baş baýdak meýdançasyndan badalga aldy. Bu ýerde uçurymlar Döwlet senasynyň
ýaňlanmagy bilen, Döwlet baýdagymyza ter gül çemenlerini goýup, mukaddes ýaşyl
Tugumyza tagzym etdiler. Gül goýmak dabarasy baýramçylyk ýörişine utgaşdy. Oňa
uçurymlar bilen birlikde, ýaşuly nesliň
wekilleri, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar.
Soňra «Soňky jaň»
dabaralary orta mekdepleriň öňündäki baýramçylyk keşbine beslenen meýdançalarda
dowam etdi. Welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim, medeniýet
müdirlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda
geçirilen çäreler tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Orta mekdeplerde ir säher
bilen Döwlet senamyz belentden ýaňlandy.
Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň
uçurymlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly
ruhubelentlik bilen diňlediler. Çykyş edenler uçurymlara ak ýol arzuw
etdiler, ýygnananlary paýtagtymyz
Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylýan
üstünlikleriň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Göreldeli uçurymlaryň
bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpelere bilimler dünýäsiniň «altyn açaryny» gowşurmagy tolgundyryjy
pursatlara baý boldy. Ýürekleri buýsançdan, kalplary şatlykdan doly bagtyýar
uçurymlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursady — 2023 — 2024-nji okuw
ýylynyň üstünlikli tamamlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» sesiniň
ýaňlanmagy bilen, kepderileriň, dürli reňkli şarlaryň al-asmana uçurylmagy
dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ak mekdebiň depesinde erkana ganat kakyp
ýören kepderiler uçurym ýaşlaryň buýsançly göwünlerini alamatlandyryp, asuda
asmanymyza bezeg berdi. Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda
ajaýyp döwrümiz, bagtly çagalyk, paýtagtymyz Aşgabadyň gözellikleri wasp
edildi.
Welaýat
kitaphanasyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Magtymguly etrabynyň
Magtymguly Pyragy muzeýine guralan gezelençler bagtyýar uçurymlaryň şatlygyny
has-da artdyrdy. Kitaphananyň
bölümindäki dürli ugurlara niýetlenilen kitaplar, muzeý işgärleriniň bölümlerde
ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklar baradaky täsirli söhbetleri uçurymlarda uly
gyzyklanma döretdi.
«Soňky jaň» dabarasy
mynasybetli welaýat kitaphanasynyň öňünde geçirilen baýramçylyk çäresi hem
ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary
gyzgyn garşylandy. Bu ýerde zehinli uçurymlara ýadygärlik sowgatlar, welaýat
Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
«Soňky jaň»
dabarasynyň çäreleri welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary
guramaçylyga eýe bolup, egsilmejek şatlyk-şowhuna beslendi.
Welaýat häkimliginiň hem-de
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda
häkimligiň mejlisler zalynda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi»
atly forum — hyzmatdaşlygyň täze ugry» atly dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlige
beslendi. Ol golaýda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly
Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň başlyklyk
etmeginde hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý
komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýetiň gatnaşmagynda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly
forumdan gelip çykýan wezipelere bagyşlandy.
Jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleriniň we işjeň agzalarynyň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy
zenanlaryň, mährem eneleriň, talyp gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda
edilen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly
forum iki halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm
ähmiýete eýe boldy. Bu forum dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ählumumy
parahatçylygy gorap saklamakda zenanlaryň ornunyň uludygyny, şunda milli
sungatlaryň hem möhüm ähmiýete eýedigini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
Çykyş edenler möhüm ähmiýete eýe
bolan çärä Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjereniň gatnaşmagynyň, mähirlije
Aýjereniň geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne panda
şekilindäki gurjagyň sowgat berlendigini, onuň özünde uly täsir galdyrandygyny
we bu gurjakdan täsirlenip, ony ilki şekile geçirendigini hem-de onuň esasynda
keşde taýýarlandygyny aýdyp, myhmandan taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si
Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş etmeginiň, şeýle hem forumyň
dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban
käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň myhmanlary haly dokalýan enjam bilen
tanyşdyrmagynyň, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny berjaý etmek bilen, hormatly
myhman, hanym Şen Ýueýueni dokalyp tamamlanan halyny bilelikde kesmäge
çagyrmagynyň, oňa Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabyny sowgat
hökmünde gowşurmagynyň aýratyn buýsandyryjy bolandygyny guwanmak hem buýsanmak bilen
gürrüň berdiler. Türkmen we hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda şanly
waka öwrülen şeýle çäreleri geçirmäge döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin
Milli Liderimize we döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Täsirli söhbetlere baý bolan
maslahatda sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlar belentden
ýaňlanyp, olarda ajaýyp zamanamyz, ösüşlere beslenýän eziz Watanymyz,
dost-doganlyk wasp edildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet
baýdagynyň güni mynasybetli esasy dabara welaýat merkezindäki Baş baýdak
meýdançasynda geçirilip, şol gün ir säherde uly buýsanç, çäksiz joşgun bilen
köpçülikleýin ýerine ýetirilen Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda ýaşyl
Tugumyz al-asmana galdyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagyny ýokary
ruhubelentlik bilen garşylan ildeşlerimiz bu ýere ýygnananlary ählihalk baýramy
bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Başymyzyň täjine deňelýän Döwlet
baýdagymyzyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de berkararlygynyň
kepili bolup durýandygyny, bu günki gün asuda asmanymyzda bagtyýarlygyň nyşany
bolup parlaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ajaýyp sene agzybirligimizi,
bitewüligimizi, parahatçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy
alamatlandyrýan Konstitusiýamyza hem-de Döwlet baýdagymyza söýgi-buýsanjyň
egsilmezdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy barada
uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
çykýan hoşallyklaryny bildirdiler.
Al-asmana uçurylan şarlar, adaja öwüsýän şemala
gollarynda ýaşyl Tugumyz erkana pasyrdaýan bagtyýar adamlaryň şatlygy ajaýyp
toý gününiň buýsandyryjy alamatlary boldy. «Mähek» aýdym-saz toparynyň aýdym-sazlary, «Nurana», «Tumar», «Bagtyýarlyk» tans toparlarynyň joşgunly tanslary,
welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy
bu ýere ýygnanlara ruhy lezzet paýlady. Nebitçiler
medeniýet köşgüniň «Dehistan» folklor toparynyň «Küştdepdi» tansy baýramçylyk
dabarasynyň şowhunyny hasam artdyrdy.
Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli
golýazmalar institutynyň hem-de
welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda
geçen anna güni «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda
«Magtymguly geçmişimiz, şu
günümiz we geljegimizdir» atly
ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar
çäräniň dowamynda Magtymguly
Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý-baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly
edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Soňra akyldar şahyryň heýkeline ter gül çemenlerini goýup, beýik söz ussadyna tagzym etdiler. Bu ýerde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat
çekmek boýunça bäsleşige gatnaşýan
zehinli çagalaryň çekýän
suratlary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlar
Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar bilen
tanyşdylar, sergide görkezilen amaly-haşam, el işlerine
syn etdiler.
Muzeýiň mejlisler
jaýynda ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy bolup, onda halypalar, ýaş
şahyrlar çykyş etdiler.
Maslahatda akyldar şahyryň döredijiligi baradaky çykyşlar diňlenildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde taýýarlan
«Alym Arkadagymyzyň kitaplarynda Magtymguly Pyragynyň edebi
mekdebi» atly ylmy neşiriň tanyşdyrylyş dabarasyna hem uly orun berildi.
11-nji maýda
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de
«Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan
eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly bäsleşiginiň
ýeňijilerine sowgat gowşurmak dabarasy geçirildi. Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar welaýat
häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlara, edebi-sazly kompozisiýa
tomaşa etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyplyklary kalplara ylham joşgunyny berýär. Zehinli ýaşlaryň döredijiliginde
ýurdumyzyň beýik ösüşleri, dana Pyragynyň
waspy ýetirilýär. Ýeňijileri sylaglamak
dabarasyndan soňra etrabyň Gerkez obasyndaky
Magtymguly Pyragynyň muzeýine edilen
gezelenç has täsirli boldy.
Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat
häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde
guramagynda Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk
dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa
jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport
ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler, talyp ýaşlar
gatnaşdylar.
Dabarada
çykyşlara giň orun berildi. Soňra edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Baş
Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň özara sazlaşygynyň aýdym-sazly ajaýyp
çykyşlaryň üsti bilen açylyp görkezilmegi örän täsirli boldy. Welaýatyň tanymal
sungat ussatlarynyň goşa mukaddesligi wasp edýän aýdymlaryna, belentden
ýaňlanýan sazlaryna goşulyp ýerine ýetirilen tanslar dabaranyň şatlyk-şowhunyny artdyryp, oňa
gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny ýokary göterdi. Çäräniň dowamynda Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Türkmenistanyň
Konstitusiýasyny, Döwlet baýdagyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe amala aşyrylýan özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, dost-doganlygy wasp
edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem
belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dabara aýratyn bezeg berdi. Halkymyzyň
medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrylan «Küştdepdi» tansyny bu ýere ýygnanlar şowhunly el çarpyşmalar
bilen garşyladylar.
Milli
mukaddesliklerimiziň şanyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabarasy uly
ruhubelentlige, egsilmez şatlyk-şowhuna beslenip, «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy.