Tohumyňyz müňlesin, babadaýhanlar!
Welaýatymyzda bugdaý ekişine girişmeklige bagyşlanylyp
maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda bolan maslahata
häkimligiň jogapkär işgärleri, şäherleriň, etraplaryň häkimleri, olaryň
orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, oba hojalyk pudagynyň
ýolbaşçylarydyr kärendeçiler, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler
gatnaşdylar.
Maslahaty welaýatyň häkimi H. Aşyrmyradow açdy we
gallaçylarymyzyň bugdaý ekişine taýýarlykly gelendiklerini belläp geçdi.
Welaýatyň häkimi hormatly Prezidentimiziň geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý
ekişine girişmäge ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bu möhüm çärä
guramaçylykly girişilip, onuň ýokary hilli, agrotehnikanyň talaplaryna laýyk,
bellenilen möhletlerde geçiriljekdigini aýtdy.
Maslahatda çykyş eden babadaýhanlar Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň özleri hakyndaky, halkymyzyň abadan, bolelin ýaşaýyş-durmuşy baradaky
nusgalyk aladalaryna jogap edip, önde duran jogapkärli möwsümde tagallalaryny
gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar hem-de Gahryman Arkadagymyza, hormatly
Prezidentimize il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işlerinde baky
rowaçlyklar arzuw etdiler.
Soňra Gyzylarbat etrabynyň «Batly
mülkdar» daýhan hojalygynyň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga
berilmegi mynasybetli dabara giň gerimde ýaýbaňlandyryldy.
Dabaranyň geçýän ýeri baýramçylyk
keşbine beslenipdir. Toýlarymyzyň bezegi bolan ak öýleriň, oba hojalyk
tehnikalarynyň dürli görnüşleriniň owadan hatarlary, oba durmuşyny
suratlandyrýan görnüşler, sergiler, şirin aýdym-sazlaryň hoş owazy dabara
gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi.
Bu ýerde
hormatly Prezidentimiziň sargydyna eýerilip, asylly däbe görä,
sylag-sarpaly ýaşulularyň «Bismilla» diýen senaly sözi bilen bugdaý ekişine
guramaçylykly girişildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzlük
bugdaý ekişine welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärleridir zähmetsöýer
babadaýhanlary ykjam taýýarlykly geldiler. Möwsümiň dowamynda kuwwatly
traktorlaryň 125-si we ekiji enjamlaryň 117-si bökdençsiz işlediler. Ýeri
gelende aýtsak, welaýatymyzyň ýer eýeleri 50 müň gektar meýdana bugdaýyň
«Alekseýiç» hem-de «Bezostaýa 100» ýaly görnüşlerini ekip, ondan 80 müň tonna
bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.
Ekin meýdanynda geçirilen maslahatda bugdaý ekişine
gatnaşjak tehnikalaryň mümkinçilikleri, olardan peýdalanmagyň ugurlary barada
ýene bir ýola düşündiriş işleri geçirildi. Bugdaý ekilen meýdanlardan endigan
gögeriş almakda, ekin meýdanlaryna agrotehnikanyň talaplaryna berk eýermek
arkaly ideg işlerini ýola goýmakda anyk gürrüň edildi.
Bugdaý
ekişine başlanmagy mynasybetli welaýat
häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guran dabarasy oňa
gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu ýerdäki ajaýyp sahnada welaýatyň tanymal
bagşy-sazandalarynyň şirin aýdym-sazlary, welaýat döwlet drama teatrynyň
sahna ussatlarynyň çykyşlary dabara
ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyryp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň röwşen geljegimize gönükdirilen beýik tutumlaryna, eziz
Diýarymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, halkara abraý-mertebesini täze
belentliklere göterýän beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize,
abadan, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjy goşalandyrdy.
Bu ýerde guralan oba hojalyk önümleriniň
sergisinde ekerançylyga degişli milli däp-dessurlar, azyk önümleriniň
taýýarlanylyşy öz beýanyny tapypdyr. Oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän
senagatynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi hem hemmelerde gyzyklanma
döretdi. Agaç ussalarynyň, küýzegärleriň nepis işleri, zergärçilik, halyçylyk
boýunça ýerleşdirilen işlerem örän täsirli, ýatda galyjy boldy.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny depginli ösdürmekde
döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalardan ruhlanyp, bugdaý ekişine
guramaçylykly girişmekleri welaýatymyzyň
kärendeçi daýhanlarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda
hem bugdaýyň bitginli hasylyny kemala getirjekdiklerine bolan ynamy berkidýär.
Olar özlerine döredilip berilýän ajaýyp
şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyza egsilmez alkyş sözlerini
aýdýarlar.