Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa Zenanlar birleşiginiň
welaýat bölüminiň, etrap-şäher geňeşleriniň wekilleri, ilkinji zenanlar guramalarynyň
işjeň agzalary, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
Ýygnagyň dowamynda edilen çykyşlarda
bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
zenanlaryň çekýän asylly zähmetine ýokary baha berilýär, zenan sarpasy belentde
tutulýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň birleşen tagallasy
bilen yglan edilýän bäsleşikler, maslahatlar, wagyz-ündew çäreleri biri-birine
ulaşýar. Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we etrap-şäher geňeşleri şeýle
çäreleri edara-kärhanalarda we halk köpçüliginiň arasynda geçirip, aýal-gyzlaryň
ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda tagallalaryny gaýgyranoklar. Çünki Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek ýurdumyzda öňe
sürülýän esasy talaplaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Zenanlar birleşiginiň, şol sanda onuň welaýat
bölüminiň öňündäki möhüm wezipeler zenanlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik
durmuşyna mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden, eneligi we
çagalygy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini
ýokarlandyrmakdan, köp çagaly eneleriň ýaşaýyş şertleri baradaky aladany
güýçlendirmekden, olary maddy taýdan goldamakdan we beýleki zerur kömekleri
bermekden ybaratdyr.
Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen
hasabat ýygnagynda geçen ýylyň dowamynda durmuşa geçirilen işlere seljerme
berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylmaly işler ara
alnyp maslahatlaşyldy. Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň agza sanynyň yzygiderli
artýandygy göz öňünde tutulyp, onuň guramaçylyk toparynyň düzümine hem
seredildi.
Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanylýan
zenanlaryň, eneleriň bagtyýarlygy barada uly aladalary edýän Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar çärede edilen
çykyşlarda dilleriň senasyna öwrüldi.
Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli Balkanabat şäherinde welaýat Polisiýa
müdirliginiň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi
şatlyk-şowhuna beslendi. Belentde parlaýan ýaşyl Tugumyz, dürli öwüşginli
baýdajyklar, şarlar, ak öýleriň owadan hatary baýramçylyk meýdançasyna bezeg
berip, sahna oýunlary, sport çäreleri dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Hatara düzülen toý gazanlarynda
milli tagamlar taýýarlandy.
Dabarada
çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Watan goragçylarynyň güni hem-de ýaşaýyş
jaýlarynyň ulanyşa tabşyrylmagy bilen gutladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Alawly türkmen» hususy kärhanasynyň
gurluşykçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar
gowşuryldy. Döwrebap jaýlara göçüp gelen raýatlara öýleriň açarlarynyň
gowşurylmagy dabaranyň täsirli pursatlarynyň üstüni ýetirdi. Sungat
ussatlarynyň aýdym-sazlarynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň,
hemişelik Bitaraplygymyzyň waspy ýetirildi.
Dabara
gatnaşanlar iki sany dört gatly, her biri 32 hojalyga niýetlenen jaýlaryň üç
hem-de dört otagly öýlerinde döredilen amatlyklar, otaglaryň durmuş maksatly
enjamlar bilen üpjünçiligi bilen tanyşdylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly
— dünýäniň akyldary» atly kitabynyň welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy Gündogaryň beýik söz
ussady Magtymguly Pyraga we onuň tutuş
adamzadyň ylham çeşmesine öwrülen döredijiligine goýulýan hormat-sarpanyň aýdyň
kepili bolup, ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň wekilleriniň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, il sylagly
ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş
dabarasynda döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň ägirt uly ähmiýeti dogrusynda
giňişleýin gürrüň edildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary
ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen beýik
akyldaryň edebi mirasyny öwrenmek, dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler
durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly
diýlip atlandyrylmagy, dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň dünýä boýunça dabaraly
bellenilmegi we beýleki çäreler munuň subutnamalarydyr. Hormatly
Prezidentimiziň täze kitabynyň şöhratly wakalary bilen bilen taryha giren «Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza peşgeş bermegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, ajaýyp
sazlaşygy emele getirýär. Mähriban
halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma, ruhy hazyna bolan kitapda Magtymgulyny
öwreniş ylmynyň döreýşi we ösüşi, akyldaryň edebi mirasyny öwrenmegiň we
öwretmegiň usullary, beýik söz ussadynyň döredijiligini dünýäde wagyz etmek boýunça
alnyp barlan işler öz beýanyny tapýar. Dabarada merdana halkymyza ajaýyp serpaý
ýapan Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan hoşallyk sözleri ýürek buýsanjy
bolup ýaňlandy.
Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara
aýratyn öwüşgin çaýdy. Täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşlerini, parahatçylygy,
asuda durmuşy wasp edýän aýdymlar, şeýle-de beýik söz ussadynyň şygyrlaryna döredilen
aýdymlar belentden ýaňlandy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda 2025-nji ýylyň
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagyny hem-de ýylyň
nyşanynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda giňden düşündirmek maksady bilen
wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda giň gerim berlen çykyşlarda aýratyn
nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda,
hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda
berkarar Diýarymyz täze taryhynyň her bir ýylyny uly üstünliklere besleýär.
Munuň özi agzybir, zähmetsöýer halkymyzy ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen
hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak ýylyny
hem dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan, ynanyşmagy dabaralandyrýan şunuň ýaly
döwletli tutumlara beslemek merdana halkymyzyň naýbaşy arzuwydyr. Ýylyň
şygarynyň we nyşanynyň, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň
çuňňur many-mazmuny muny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Wagyz-nesihat
çäresinde çykyş eden Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky
komitetiniň başlygy Batyr Baýlyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Ýazpolat Keriýew
hem-de «Adalat» gazetiniň baş redaktory Maksat Nuryýew bu barada giňişleýin
durup geçdiler.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň giň mümkinçiliklerini ählumumy
bähbitleriň hyzmatynda goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler çäräniň tutuş dowamynda joşgunly
ýaňlandy.
Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik
Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesiniň dabaralary welaýatymyzda ýokary
ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk gününiň dabarasy Balkanabat şäherindäki
Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň ýerine ýetirilmegi we ýaşyl Tugumyzyň
belende galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet
müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada
bu ýere ýygnananlary parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi, asudalygy
dabaralandyrýan ajaýyp baýram bilen gutlaýan buýsançly çykyşlara giň orun
berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz
bitaraplyk ýörelgesine berk eýermek bilen, parahatçylygy, durnukly ösüşi,
ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar
bilen gatnaşyklary ýola goýmakda uly tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly
we öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda durnukly energetika we ulag ulgamy,
ekologiýa, azyk howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem-de beýleki halkara ähmiýetli meseleler boýunça
durmuşa geçirilýän işler rowaçlyga beslenýär.
Dabarada welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren
aýdym-sazlary, sahna ussatlarynyň çykyşlary alkyşly sözleriň dowamy bolup, oňa
gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlarynda
döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň, halklaryň dostlukly
gatnaşyklarynyň mizemez binýady bolup durýan hemişelik Bitaraplygymyzyň,
ösüşiň, beýik özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýan ata Watanymyzyň waspy
ýetirildi.
Dabara gatnaşanlar berkarar döwletimiziň şan-şöhratyny, abraý-mertebesini
has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz
alkyş aýtdylar.
Halkara Bitaraplyk güni
hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralar
welaýatymyzyň ähli etraplardyr şäherlerinde hem giň gerime eýe boldy.