Baý many-mazmunly dabaralar
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2024 —
2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde giň gerime eýe
boldy. Balkanabat şäherindäki iňlis
dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde guralan
baýramçylyk dabarasy hem baý
many-mazmuny özünde jemledi.
Toý keşbine eýe bolan mekdep binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara bilim
işgärleri, mekdep okuwçylary, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän
bagtyýar çagalar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şäheriň ýaşaýjylary
ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Baýramçylyk
dabarasynda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň bilim
ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde
kesgitlendi. Netijede, giň gerime eýe bolan oýlanyşykly özgertmeleriň barşynda
jemgyýetimiziň aň-bilim, döredijilik mümkinçilikleri yzygiderli
ýokarlandyryldy, ruhy we beden taýdan sagdyn, döwrebap bilimli, ylymly, giň
dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp-ýetişdirmekde düýpli öňegidişlikler
gazanyldy. Ösen ýurtlaryň öňdebaryjy gazananlary hem-de toplan tejribeleri
nazara alnyp, ýaşlarymyzyň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi, watansöýüjiligiň
belent ruhunda terbiýelenmegi, bilimleri çuňňur özleşdirmekleri bilen bagly
möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegiň berk binýady goýuldy. Bilimdir ylymyň giň
mümkinçiliklerini berkarar Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni hem-de beýleki
köptaraply ösüşine gönükdirmek maksadyny esasy orunda goýýan şeýle döwletli
tutumlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem möhüm
aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda üstünlikli
amala aşyrýan düýpli özgertmeleri muny aýdyň görkezýär.
Dabarada
bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge
höwesli ýaşlary terbiýelemek babatda döwlet derejesinde edilýän nusgalyk
aladalar üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
çykýan alkyş sözleri aýdyldy. Mekdep okuwçylarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren
şirin aýdym-sazlary, milli tanslary şeýle alkyş sözleriniň dowamy bolup
ýaňlandy.
Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän
1-nji synpyň okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň şowhunly el
çarpyşmalar astynda gowşurylmagy dabaranyň täsirli pursatlarynyň biri boldy.
Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim-terbiýesi üçin zerur bolan ähli
tagallalaryň edilýändigini ýene bir ýola tassyklady. Şeýle ajaýyp sowgady üçin
bagtyýar çagalar Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz
alkyşlaryny beýan etdiler.
Şunuň ýaly
täsirli pursatlardan soňra, ilkinji jaň kakylyp, okuwçylar ak mekdebiň ýagty
otaglaryna doldular. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen
geçirilen ilkinji okuw sapagy beýik akyldarymyzyň edebi mirasyna hem-de
ruhy-medeni gymmatlyklarymyza bolan egsilmez söýgi-buýsanjyň özboluşly
subutnamasyna öwrüldi.