Alkyşlar dillerde sena
Hormatly
Prezidentimiziň ak patasy bilen Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň
gününiň öňüsyrasynda welaýatymyzda möhüm
desgalaryň düýbi tutuldy we ulanyşa berildi. Bu dabaralara Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň gatnaşmagy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda ýokary ruhubelentlik we
çuňňur hoşallyk duýgularyny döretdi. Welaýat häkimliginiň
mejlisler jaýynda «Alkyş size, şöhrat
Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» ady bilen geçirilen hoşallyk maslahaty
munuň şeýledigini aýdyň görkezdi. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik
guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň
gatnaşmagynda geçirilen maslahatda möhüm desgalaryň ähmiýeti dogrusynda aýratyn
durlup geçildi.
Bilşimiz ýaly,
geçen ýekşenbe güni Türkmenbaşy etrabynyň çäginde karbamid öndürýän toplumyň
gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň
Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda
agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän
awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralary ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu
desgalaryň ýurdumyzyň himiýa senagatyny, ýol-ulag düzümini ösdürmekde, haryt
dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini artdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
gowulandyrmak bilen, halkyň arassa agyz suwuna bolan islegini kanagatlandyrmakda
ähmiýeti uludyr. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça badalga
berlen maksatnamalaryň, özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe giň gerimde durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Dabaraly
hoşallyk maslahatynda şular barada giňişleýin söhbet edildi hem-de türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.
Welaýatymyzyň
medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara aýratyn bezeg berdi.
Joşgunly aýdym-sazlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa
geçirilýän tutumly işleriň, gazanylýan beýik ösüşleriň, dost-doganlygyň,
parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi.
Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.