Habarlar

Buýsanja beslenen dabara

10.10.2025

Welaýatymyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralar uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Mollagara şypahanasynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresine saglygy goraýyş işgärleri, dürli ulgamyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

         Baýramçylyk çäresinde edilen her bir çykyşyň özenini raýatlaryň saglygyny goramakda dünýä nusgalyk uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri düzüp, olarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda hem-de derman senagatynda gazanylýan ösüşler barada giňişleýin aýdylyp geçildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öňe sürlen il-ýurt bähbitli maksatnamalara, şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň düýpli özgertmelere eýe bolandygy hakynda giňişleýin gürrüň edilip, halkymyzyň sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.

Çäre welaýatyň sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň çykyşlary bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar joşgunly tanslar bilen utgaşyp, olarda ata Watanymyzyň, täze taryhy eýýamymyzyň, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň waspy belentden ýetirildi. Soňra çärä gatnaşanlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergi ýurdymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ajaýyp zamanamyzda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, öňdebaryjy usullardyr hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Çäräniň ahyrynda welaýatymyzyň öňdebaryjy saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine Hormat hatlary we baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.