Milli gymmatlygymyza belent sarpa
Halkara «Türkmen
alabaý itleri» assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkezinde geçirilen aýdym-sazly
dabara Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlandy. Oňa itşynaslar, edara-kärhanalaryň
hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak
saçly eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde birkemsiz bezelen alty
ganat ak öýlerde toý supralary giňden ýazyldy. Bagşy-sazandalaryň ýerine
ýetiren aýdym-sazlary, ýaýbaňlandyrylan
amaly-haşam, el işleriniň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, toý
gazanlarynda taýýarlanylan milli tagamlar, buýsanjymyz, guwanjymyz bolan alabaý
itleriniň gezelençleri baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyryp, halkymyzyň şu
gününiň we geljekki rowaçlyklarynyň çeper beýanyna öwrüldi.
Ajaýyp zamanamyzda dünýäde uly gyzyklanma eýe
bolan, daş keşbi we özüni alyp barşy bilen beýleki tohum itlerden tapawutlanýan
alabaýlaryň müňýyllyklardan gelýän şöhratly ýolunyň dowam etdirilip,
nesilden-nesle geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi baradaky söhbetlere dabarada
giň orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly eseriniň
alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we ösdürip ýetişdirmek bilen
bagly alnyp barylýan işlerde taýsyz gymmatlyk bolup durýandygy aýratyn
nygtaldy. Berkarar Watanymyzy ak ýollardan okgunly öňe alyp barýan, halkymyzyň
bagtyýar, eşretli durmuşy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Dabaranyň dowamynda welaýatyň sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň ata Watanymyzy, bagtyýar durmuşymyzy, edermen türkmen alabaýyny wasp edip ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.