Keşdeçileriň bäsleşigi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň
bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly
bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak
öýi» binasynda geçirilen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan
zenanlar gatnaşdylar.
Halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň biri bolan
türkmen keşdeçilik sungatynyň, milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň dünýä
ýüzünde dabaralanmagyna mynasyp goşandyny goşýan gelin-gyzlaryň bu el hünärini
wagyz etmegi maksat edinen bäsleşigiň birinji şertinde oňa gatnaşyjylar ady
äleme dolan keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlaryny beýan edip, keşde
çekmekde ilkinji taýýarlyk işlerini ýerine ýetirdiler, el işleriniň sergisini
guradylar. Ikinji şertinde bolsa saýlap alan nagyşlaryny çeper sözde wasp
etdiler. Jemleýji şert has-da täsirli bolup, onda zenanlar öz elleri bilen
tiken, keşdelän lybaslaryny geýnip, milli keşde-nagyşlarymyzy goşgularyň,
rowaýatlaryň, gazallaryň üsti bilen wasp etdiler.
Netijede, Magtymguly etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Şirin Alymowa
we Bereket etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Altyn Sähedowa birinji,
Balkanabat şäherindäki 18-nji çagalar bakja-bagynyň tans goýujysy Jumasoltan
Atabaýewa we 33-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Bibiselime
Çakanowa ikinji, Türkmenbaşy şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Bägül Batyrowa we
Esenguly etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Gülruh
Gurbanowa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşikde birinji orny eýelänler
onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.