Habarlar

Uzak aralyga marafon ýaryşy

27.10.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň, welaýat häkimliginiň hem-de welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda marafon ýaryşy geçirildi.

         «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylyk we durnukly ösüşe tarap batly gadam» ady bilen 5 kilometr aralyga guralan marafon ýaryşynyň dört tapgyrda geçirilmegi oňa dürli kärdäki, dürli ýaşdaky raýatlaryň gatnaşmaklaryny üpjün etdi. Ýaryş başlanmazyndan öňinçä bu ýerde aýdym-sazly dabara guralyp, onda ajaýyp zamanamyzyň, dost-doganlygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň waspy belentden ýetirildi. Türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyran görkezme çykyşlary hem täsirli boldy. Soňra tomaşaçylaryň şowhunly goldawy astynda ýaryşlara badalga berildi.

         Uly ýaşly erkekleriň arasynda guralan marafon ýaryşynda birinji orny Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Şyhberdi Ezizow eýeledi. Ýetginjekleriň arasynda bolsa şeýle netijäni Türkmenbaşy şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň türgeni Jumanyýaz Jumanyýazow görkezdi.

         Aýal-gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda pellehana ilkinji bolup Gyzylarbat etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Aleksandra Gurbanýazowa gelmegi başardy. Ýaş gyzlaryň arasynda bolsa Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň türgeni Nagiýa Ahmedowa taý tapylmady.

         Ýaryşlarda ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda medallar we sowgatlar gowşuryldy.