Barha artýar gymmatyň, medeniýetim, sungatym!

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet
hepdeligi mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan dabaraly çäreler biri-birine utgaşýar.
Şeýle dabaralaryň biri welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen
bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň
öňündäki meýdançada geçirildi.
Bedew bady bilen öňe barýan döwrümizde hormatly Prezidentimiziň
taýsyz tagallasy netijesinde medeniýetiň we sungatyň gülläp ösmegine, milli
mirasyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp, geljekki nesillere
ýetirilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda öz zehini, zähmeti we döredijilik
ukyby bilen has tapawutlanýan medeniýet we sungat ussatlaryna hormatly atlary dakmak
we döwlet sylaglaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Dabarada çykyş edenler
şular dogrusynda buýsançly gürrüň etmek bilen, medeniýete, sungata sarpa goýýan
hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Baýramçylyk mynasybetli guralan dabarada welaýatymyzyň medeniýet
we sungat ussatlary, folklor toparlary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine
döredilen aýdymlary, şeýle-de “Halkyň
Arkadagly zamanasy” ýylyny, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazlary,
tanslary ýerine ýetirdiler.