Habarlar

Aýdymlar aýdyldy hoş owaz bilen

24.07.2026

Aýdym-sazlar ynsan kalbyna ruhy lezzet paýlaýar, göwünleri ganatlandyrýar. Ýurdumyzda aýdym-saz dünýäsinde täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşikleriň many-mazmuny ýylsaýyn artýar. Munuň şeýledigini Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry hem aýdyň subut etdi. Welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaşlaryň 10-sy  gatnaşdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bäsleşikde aýdymçy ýaşlaryň eziz Watanymyzy, täze taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly döwlet syýasatyny, türkmen tebigatynyň taýsyz gözelliklerini, bagtyýar durmuşymyzy taryplap ýerine ýetiren häzirki zaman estrada aýdymlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Aýdym-sazyň muşdaklary yzly-yzyna çykyş eden aýdymçylaryň ussat halypa bagşylarymyzdan miras galan halk aýdymlaryny hem şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgerişlikleriň, güneşli Diýarymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň barha arşa göterilen şan-şöhratynyň, päk söýginiň waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar alyslara ýaň saldy. Ýaş estrada aýdymçylaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny,  dost-doganlygy, asuda durmuşy wasp eden aýdymlary joşgunly ýaňlandy. Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry ýaş zehinli aýdymçylaryň kemala gelýändigini görkezdi.

         Bäsleşikde emin agzalary ýaş aýdymçylaryň çykyşlarynyň aýratynlyklaryna,  ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna we sahnada özlerini alyp baryşlaryna aýratyn üns berdiler. Şeýlelik-de, «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynda Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Baýrammyrat Ýakubow hem-de Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy, höwesjeň aýdymçy Amanmyrat Maýdyýew ýeňiji diýlip yglan edilip, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

                Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de tapawutlanan zehinli aýdymçylara gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.