Sapaly günleriň goýnunda
Tomsuň gelmegi bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanlary has
köp bolýar. Gojaman Hazaryň kenaryndaky ajaýyp myhmanhanalar, kottejler
toplumlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri bu ýere dynç almaga gelýän adamlar
üçin gapylaryny giňden açyp, döwrebap hyzmatlaryny hödürleýärler. Häzirki
wagtda dostluk mekany bolan Awaza
tomusky dynç alyş möwsüminde ajaýyp kenarda dynç almagy halaýan çagalaryň
wagtlaryny hoş geçirip, saglygyny berkidýän ýerine öwrüldi.
Bagtyýar çagalaryň oňat dynç alýan ýerleriniň biri bolan «Daýanç» sagaldyş
merkezinde hem çagalar alada bilen gurşalýar. Merkezde dynç alyş möwsümine
irgözinden ykjam taýýarlyk görüldi. Şonuň üçinem bu ýerde çagalaryň dynç
almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmegi üçin ähli amatly şertler döredildi.
Häzirki wagtda «Daýançda» çagalaryň dynç alşy gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýerde
şu ýylyň dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 280 çaga dynç alýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda hem, beýleki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde bolşy
ýaly, «Daýanç» sagaldyş merkezinde-de çagalar şatlykly pursatlary başdan
geçirýärler. Kitaphana, suwa düşülýän howuzlar, akwaparklar, amfiteatr, sport
meýdançalary we beýlekiler çagalaryň hyzmatynda. Olar aýdym-saz, döredijilik,
kompýuter gurnaklaryna gatnaşýarlar. Özlerini gyzyklandyrýan güýmenjeler bilen
meşgullanýarlar, seýilgählere, çüwdürimler toplumyna, gämi muzeýine gezelenç
edýärler. Deňziň kenarynda çägeden dürli keşpleri döredip, birek-birek bilen
bäsleşýärler. Dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň arasynda geçirilýän
bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda çykyş edýärler. Çagalar wagtlaryny şatlykly,
gyzykly geçirýärler. Şu günler Awazada çagalaryň şatlykly gülküleri tomusky
dynç alşyň gyzgalaňly dowam edýändiginiň alamaty bolup ýaňlanýar. Munuň özi
çaga arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrülen berkarar ýurdumyzda
çagalaryň aýratyn
üns we gyzgyn mähir bilen gurşalyp alynýandygyny, olaryň bagtyýarlygy üçin ähli
şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini, hemmetaraplaýyn aladalaryň
edilýändigini aýdyň subut edýär.