Taryhy-medeni ýadygärlik giňden öwrenilýär
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi asylly däbe
öwrülen Medeniýet hepdeliginiň dabaraly çäreleri welaýatymyzda giň gerime eýe
bolýar. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda buýsanç bilen waspyny ýetiren Dehistan
ýaýlasy hem gadymyýetde kerwen ýollarynyň geçen mekanydyr. Medeniýet
hepdeliginiň çäklerinde bu ýerde, ýagny «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni
goraghanasynda «Taryhy-medeni ýadygärlikleriň öwrenilmeginiň we rejelenmeginiň
häzirki zaman usullary» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahatynyň
geçirilmegi ýurdumyzda taryhy we medeni ýadygärlikleri goramaga, öwrenmäge
hem-de rejelemäge uly ünsüň berilýändigini aýdyň görkezdi. Öwredijilikli
häsiýete eýe bolan meýdan şertlerindäki maslahatda ýurdumyzyň belli alym
arheologlary, hünärmenleri, taryhçylary welaýatymyzyň çäklerinde saklanyp galan
arheologik, binagärlik ýadygärliklerinde ýerine ýetirilen işler, öňde durýan
wezipeler barada pikir alyşdylar. Döredijilik forumyna gatnaşanlar ata
Watanymyzyň geçmişini taryhy-medeni ýadygärlikleriň üsti bilen öwrenmekde ähli
şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza
egsilmez alkyş aýtdylar.