Habarlar

Täze suw arassalaýjy desga

26.03.2025

Halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek wezipesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gyzylarbat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy täze desganyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ony welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýedi ýer» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary bina etdiler.                                          

         Umumy tutýan meýdany 4,5 gektardan ybarat bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasynda welaýat häkimliginiň, suw üpjünçilik ulgamynyň, «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň hünärmenleri, desgany bina etmäge gatnaşan gurluşykçylar,  jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimize bu ajaýyp sowgady üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Bu ýerde giňden ýaýbaňlandyrylan medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan buýsançly ösüşleriň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy ýetirildi. Desganyň gurluşygynda göreldeli zähmet çeken gurluşykçylara  hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda  gowşuryldy.

          Soňra dabara gatnaşanlar ýaşulularyň ak patasy bilen açylan täze desganyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Onuň bölümlerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Germaniýa, Awstriýa, Italiýa, Wengriýa ýaly döwletlerden getirilen kämil enjamlar oturdylypdyr. Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasyndan gözbaş alýar. Açyk görnüşli suw howdanynda  tebigy usulda durlanan suw  göteriji bekediň üsti bilen suw arassalaýjy desga gelýär. Süzgüçlerden geçen we zyýansyzlandyrylan arassa agyz suwy howuzlarda jemlenip, beketlere iberilýär. Soňra ol iki ugur boýunça paýlaýjy-suw geçiriji ulgama akdyrylýar. Gyzylarbat şäheriniň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etjek desgada taýýarlanýan agyz suwuny geljekde umumy uzynlygy 156 kilometr bolan turbageçirijiler arkaly etrabyň çägindäki «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda gurulýan täze, döwrebap obanyň ýaşaýjylaryna hem ýetirmek göz öňünde tutulýar.