Haýran galdyran çykyşlar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 27-nji, 28-nji,
29-njy martynda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasy özboluşly
toý-baýrama beslendi. Sebäbi bu ýerde üç günläp ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary,
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet
atçylyk sirkiniň birleşen toparlary özleriniň bilelikdäki örän täsin,
şatlyk-şowhun paýlaýan çykyşlaryny muşdaklaryna ýetirdiler. Çykyşlar her günde
iki sapar guralandygyna garamazdan, olary görmäge höwesekler juda köp boldy. Dürli
ýaşdaky bagtyýar raýatlaryň şowhunly el çarpyşmalary sirk akrobatlarynyň,
žanglýorlarynyň, wäşileriň ajaýyp çykyşlarynyň tomaşaçylarda diýseň uly täsir
galdyrandygynyň, olara ruhy lezzet paýlandygynyň özboluşly subutnamasyna
öwrüldi. Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde şu ýylyň ýanwarynda
geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn
baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at
üstündäki oýunlar toparynyň görkezen haýran galdyryjy çykyşlarynyň dowamynda
bolsa şeýle şowhunly sesler juda belende göterildi. Bu şeýle bolmazça-da däldi,
sebäbi toparyň agzalarynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly
hereketleri, at üstündäki milli oýunlary diýseň täsindi, haýran galdyryjydy. Halkymyzyň
uçar ganatyna deňelýän ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk edýän
ýigitlerdir gyzlaryň çalasynlygy, çakganlygy, çeýeligi, ugurtapyjylygy talap
edýän çylşyrymly tilsimlerini synlan her bir tomaşaçy şeýle täsin pursatlaryň
bedew bilen ynsanyň biri-birine haýran galdyryjy derejede içgin düşünmekleriniň
netijesinde hasyl bolýandygyna has oňat göz ýetiren bolsa gerek. Munuň özi behişdi
bedewleriniň düşbüdigini, syzgyrdygyny, duýgurdygyny, eýesine juda mähremdigini,
wepalydygyny aýdyň görkezýär. Ezber ýigitlerdir gyzlaryň çapyp barýan bedewiň
üstünde dik durmak, onuň aşagyndan geçmek, goşa atyň üstünde minara şekilini
emele getirmek ýaly çykyşlaryny haýran galmak bilen synlan tomaşaçylar olary
ýürekden alkyşladylar. Bu täsin çykyşlar türkmen topragynda ösdürilip
ýetişdirilýän ýelden ýyndam bedewlerimize, atçylyk hem-de sirk sungatymyzy
ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçiren Gahryman Arkadagymyza, bu döwletli
tutumlary üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjy
has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag
şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň akrobatlarynyň, žanglýorlarynyň,
wäşileriniň çykyşlary hem tomaşaçylarda unudylmajak täsirleri galdyrdy. Ynsan
diline düşünýän maýmynjyklar, girdenek at bilen guralan oýunlar, halkaly
çykyşlar, wäşileriň degişmeleri hemmeleriň, esasanam, çagalaryň hoşuna geldi. Maýmynjyklaryň, gidenek atyň her
bir hereketi olaryň gülki seslerini al-asmana göterdi.