Ählihalk bag ekmek dabarasy

22-nji martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna
welaýatymyzyň şäherleriniň, etrap merkezleriniň, obalarynyň we şäherçeleriniň
ýaşaýjylary ýokary watançylyk hyjuwy bilen gatnaşdylar. Bag nahallaryny
oturtmak üçin saýlanyp alnan ýerler, sözüň doly manysynda, baýramçylyk keşbine
beslendi. Welaýatymyzda bu sogaply işe bagyşlanan esasy çäre Balkanabat
şäherindäki welaýat köpugurly söwda bazarynyň golaýyndaky giňişlikde guraldy. Ýaz
ýagşyna durlanan ak säherde baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada guralan dabarada çykyş edenler halkymyzyň
bagtyýarlygy, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, Diýarymyzyň bagy-bossanlyga
öwrülmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş
sözlerini aýtdylar.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döwrebap
aýdym-sazlary, folklor hem-de tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary, giňden
döwre guralyp ýerine ýetirilen küştdepdi tansy bag nahallaryny oturtmak üçin
ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Ilkinji bag nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly
nesliň wekillerine, köp çagaly enelere hem-de ýaş çatynjalara ynanylmagy çuň
many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da belende göterdi.
Zähmet baýramçylygynyň dowamynda gözel
künjekde oturdylan bag nahallary täze ýaşyl zolagy emele getirdi hem-de welaýat
köpugurly söwda bazarynyň töwereginiň gözelligine gözellik goşdy. Welaýat
merkezindäki seýilgählerde, köçeleriň ugurlarynda, önümçilik maksatly hem-de
medeni-durmuş ähmiýetli ymaratlaryň daş-töwereklerinde hem hakyky zähmet
baýramçylygy möwç urdy. Çäräniň geçýän ýerlerinde milli oýunlar, türgenleriň
sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Ählihalk bag ekmek dabaralarynda welaýatymyzda dürli bag nahallarynyň 36 müňe golaý düýbi oturdyldy, şolaryň 10 müň 723-si miweli baglaryň nahallarydyr.