Habarlar

Toýlary toýlary ulaşýan Diýar

24.03.2025

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada uludan tutulan baýramçylyk dabarasy welaýatyň medeniýet, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk ýörişi bilen başlandy.

Welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guran dabarasynda hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli Gutlagyndan ruhlanan welaýatyň ýaşaýjylary çykyş edip,  Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak  ömür, il-ýurt bähbitli,  dünýä ähmiýetli beýik işlerinde baky rowaçlyklar arzuw etdiler.

Baýramçylyk dabarasy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň  aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Onda türkmen tebigatynyň, bahar paslynyň waspy beýan edildi. Tanymal bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary, tans toparlary çykyş edip, dabara ýygnananlara ruhy lezzet paýladylar. Ýaňlanan aýdym-sazlarda, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda ildeşlerimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez söýgi-buýsanjy öz beýanyny tapdy.

           Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerinde guralan sergilerde Milli bahar baýramyna degişli däp-dessurlar ussatlyk bilen janlandyryldy. Milli senetkärlik, halyçylyk, zergärçilik hem-de sungatyň beýleki görnüşleri boýunça ýerleşdirilen işler örän täsirli, ýatda galyjy boldy. Dürli oýunlara meşgullanýan çagalaryň şadyýan gülki sesleri baýramçylyk çäresiniň şatlyk-şowhunyny has-da arşa göterdi.

          Ýaş suratkeşler ýazyň ajaýyp görnüşlerini öz eserlerinde şöhlelendirdiler. Giň meýdança görk berýän ak öýleriň hatary küren obany ýada saldy. Bu ýerde milli oýunlar, türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary-da ýaýbaňlandyryldy.