Habarlar

Ýokary ruhubelentlige beslenen duşuşyklar

12.03.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda welaýatymyzda geçirilen döredijilik duşuşyklary ýokary ruhubelentlige beslendi.

«Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly!» atly şygar bilen Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň medeniýet öýünde, Balkanabat şäherindäki welaýat kitaphanasynda, Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçe medeniýet öýünde bolan döredijilik duşuşyklaryna «Biznes reklama» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedow we ýerli ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar. Olar duz-çörek bilen we aýdym-sazyň belent owazy astynda garşylandylar. Guralan dürli sergiler duşuşyklara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha gowulanýar. Ata Watanymyzyň her bir güni buýsançly wakalara beslenýär.

Döredijilik duşuşyklarynyň dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şahyrlar ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerini özleriniň täze ýazan goşgularynyň üsti bilen wasp etdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylmagy, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden aýdylan alkyşlar döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.