Habarlar

Şa serpaýly eneler — bagtdan paýly eneler

10.03.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetiren Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk çäreleri welaýatymyzda hem biri-birine ulaşdy. Welaýat häkimliginiň edara binasynyň mejlisler zalynda geçirilen, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we mynasyp terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy şol baýramçylyk çäreleriniň möhüm bölegine öwrüldi.

Dabarada mährem enelerimiz, gelin-gyzlarymyz barada döwlet derejesinde edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneler tüýs ýürekden gutlandy. Köp çagaly enelere Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylmagy dabaranyň tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan eneler her bir maşgalanyň abadançylygy babatda döredilýän şertler, mynasyp nesilleri terbiýelemekdäki goldaw-hemaýatlar üçin Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler. Welaýatyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary bolsa şeýle alkyş sözleriniň üstüni ýetirdi.

 Köp çagaly enelere Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesinden döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylyş dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde bezemen sahnada şirin aýdym-sazlar joşgunly ýaňlanyp, milli tanslar bilen sazlaşykly utgaşdy. Halkymyza mahsus toý dessurlary ýerine ýetirildi. Buýsanç duýgularyna beslenen gutlag çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyş edenler ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramakda, köp çagaly maşgalalara durmuş taýdan goldaw bermekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtadylar. Köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylmagyny muňa anyk subutnamalaryň biri hökmünde mysal getirdiler. Köp çagaly maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak barada döwletimiz tarapyndan edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar. Ýürekden çykýan şeýle alkyş sözleri täze ýaşaýyş jaýynyň açaryny ýüzlerine sylan köp çagaly eneleriň hem dilleriniň senasy boldy.